Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Peşawarda uly partlama amala aşyryldy


Anna güni Pakistanyň Peşawar şäherinde janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda azyndan 10 töweregi adam ölüp, 25 töweregi adam hem ýaralandy.

Bu wakada hüjümçiniň Hyber Paktunkwa prowinsiýasynyň polisiýasynyň ýörite güýçleriniň komandiri Abdul Majid Marwaty nyşana alandygy aýdylýar.

Ýerli keselhananyň resmisi bu partlamada polisiýa güýçleriniň komandiriniň ýaralanandygyny mälim etdi. Emma onuň alan ýarasynyň näderejede çynlakaýdygy ýa däldigi barada maglumat alynmady.

Ýerli polisiýa ölen adamlardan azyndan altysynyň parahat ýaşaýjylardygyny aýdýar. Bu wakanyň yzy bilen Pakistandaky talyban toparynyň sözçüsi Ehsanullah Ehsan Azatlyk Radiosynyň Maşaal gullugyna jaň edip, bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy.
XS
SM
MD
LG