Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda ukrain medeniýet güni geçýär


Penşenbe güni Aşgabatdaky Ukrainanyň medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen prezidentiniň kitabynyň ukrain dilindäki neşirleriniň tanyşydyrylyş dabarasy geçirildi.

Prezident G.Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň derman otlary” atly kitabynyň ikinji, üçünji we dördünji tomlarynyň ukrain dilindäki bu neşirleriniň tanyşdyrylyş dabarasy Aşgabadyň Milli kitaphanasynda gurnaldy.

Bu dabara Ukrainanyň ilçihanasynyň we resmi delegasiýasynyň wekillerinden daşary, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyndan, saglygy saklaýyş we medeniýet pudagyndan, jemgyýetçilik guramalaryndan we ýokary okuw jaýlaryndan hem köp wekilleriň gatnaşandygy habar berilýär.

Maglumata görä, bu dabaranyň ahyrynda ukrain tarapy Berdimuhamedowyň bu kitabynyň ukrain dilindäki täze tomlaryny Türkmenistanyň Milli kitaphanasyna sowgat beripdir. Anna güni Ukrainanyň Türkmenistandaky medeniýet günleri Aşgabadyň Mukamlar köşgünde iki ýurduň artistleriniň gala-konserti bilen tamamlanýar.
XS
SM
MD
LG