Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa zarba urmaga taýýardygyny aýdýar


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlara we onuň Ýuwaş okeandaky hem-de Günorta Koreýadaky bazalaryna zarba urmak üçin özüniň raketa birikmelerini taýýarlyk derejesine getirendigini aýdýar.

Ýurduň döwlet mediasy lider Kim Jong Unyň Amerikanyň bombalaýjy uçarlarynyň Koreýa ýarym adasynyň howa giňişliginde edýän gizlin uçuşlaryna jogap edip, bu barda penşenbe güni giçlik bir permana gol çekendigini bildirdi.

"[Kim Jong Un] Koreýanyň halk armiýasynyň strategik raketalar baradaky tehniki taýýarlyklar planyna ahyrsoňy gol çekdi. Ol Birleşen Ştatlaryň özüne, onuň Ýuwaş okeandaky, şol sanda Gawaýdaky we Guamdaky, şeýle hem Günorta Koreýadaky harby bazalaryna islendik wagtda ot açmaga taýyn bolmaklyk hakda buýruk berdi" diýip, ýurduň telekanaly habar berdi.

"Hasaplaşyk wagty"

Aýdylyşyna görä, Kim: "Amerikan imperialistleri bilen hasaplaşmagyň wagty gelip ýetdi" diýipdir.

Günorta Koreýada ýerleşýän habar gullugy "Ýonhap", ady agzalmadyk bir harby çeşmä salgylanyp, Demirgazyk Koreýanyň raketa bazalarynda, aýratyn-da onuň orta we uzak aralyga niýetlenen raletalarynyň saklanýan ýerlerinde "golaýda" goşmaça esger we harby ulaglaryň hereketiniň bolandygyny bildirdi.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi Kimi Min-seok öz ýurdunyň, şeýle hem Birleşen Ştatlaryň bu şübheli ýerleri synlaýandyny aýtdy: "Günorta Koreýanyň we Birleşen Ştatlaryň aňtaw işgärleri Demirgazyk Koreýanyň Skat, Rodong we Musudan ýaly gysga, orta we uzak aralyga niýetlenen raketalar boýunça taýýarlygyny gözden sypdyrman synlaýarlar".

ABŞ her ähtimallyga taýýar

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Çak Heýgel penşenbe güni ýadro ýaragyny göteriji iki sany B-2 kysymly bombalaýjynyň Günorta Koreýa bilen geçirilýän harby türgenleşiklere goşulmagynyň adaty işiň bir bölegidigini belledi.

Heýgel şeýle hem Demirgazyk Koreýanyň prowokatiw edim-gylymlarynyň we onuň ritorikasynyň Koreýa ýarym adasynda howpy güýçlendirengini, şol zerarly-da Birleşen Ştatlaryň Phenýan tarapyndan bolmagy mümkin her bir ähtimallyga taýýarlyklydygny aýtdy.

"Biz Demirgazyk tarapyndan bolýan bu prowokasiýalara çynlakaý diýip garap, olara jogap berjekdigimizi mälim etmeli" diýip, Heýgel aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň öten ýyl geçiren üçünji ýadro synagy sebäpli täze sanksiýalar girizileli bäri ýarym adada dartgynlylyk artýar. Çarşenbe güni Phenýan "her bir salymda uruş turmagy mümkin" diýdi.

Ol ondan ozal hem Birleşen Ştatlara we Günorta Koreýa ýadro zarbasyny urmak bilen haýbat atyp, 1953-nji ýylda Koreýa urşunyň soňlanmagyna getiren atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşygy ýatyrandygyny aýdypdy.

Demirgazyk Koreýa ýadroly raketalar bilen Birleşen Ştatlara zarba urarlyk derejeden entek ençeme ýyl bärdedir diýip çak edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG