Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň dokumentine weto goýuldy


Penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň global derejede ýarag söwdasyny kadalaşdyrmak boýunça kabul etmekçi bolan täze dokumentine Eýran, Demirgazyk Koreýa we Siriýa weto goýdy.

Bu dokumentiň kabul edilmegi üçin ony Birleşen Milletler Guramasyna agza 193 ýurduň hemmesi biragyzdan oňlamaly.

Emma bu goz öňünde tutulýan dokumentiň taslamasy Eýran bilen Demirgazyk Koreýanyň bähbitlerine garşy gelýär, çünki bu ýurtlaryň ikisem ýarag söwdasy meselesinde BMG-niň belli bir sanksiýalary bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler. Siriýa bolsa häzirki wagt içerki graždanlyk urşuny başdan geçirip gelýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky bu maslahatynda global derejede ýarag söwdasyny kadalaşdyrmaklygy göz öňünde tutýan bu täze dokumentiň taslamasyny taýýarlamak üçin dokuz gün sarp edildi.

Şu günki gün tutuş dünýä boýunça edilýän ýarag söwdasynyň 60 milliard dollardan gowrak pula durýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG