Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üç gyrgyz deputatyna ýyl kesildi


Anna güni Bişkek şäheriniň ýerli raýon sudy oppozision “Ata-Žurt” partiýasynyň liderlerinden üçüsini türme tussaglygyna höküm etdi.

Hususan-da, sud bu partiýanyň liderleri, deputatlar Kamçybek Taşiýewi, Sadyr Japarowy we Talant Mamytowy häkimiýeti güýç bilen agdarmak synanyşyklarynda günäli tapyp, Taşiýew bilen Japarowyň her birine bir ýarym ýyl, Mamytowa bolsa bir ýyl türme tussaglygyny berdi.

Anna güni bu sud prosesiniň dowamynda “Ata-Žurt” partiýasynyň liderlerini goldaýjylar suduň binasynyň öňünde protest demonstrasiýasyny gurnadylar.

Oppozision partiýany bu üç lideri geçen ýylyň oktýabrynda gurnalan bulagaýçylykly demonstrasiýanyň yzy bilen, köpçülikleýin bulagaýçylyk döretmekde we häkimiýeti güýç bilen basyp almak synanyşyklarynda aýyplanyp tussag edilipdiler.
XS
SM
MD
LG