Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kiber hüjümleri tutuş wirtual älemini togtadyp bilermi?


Dünýä -- Internet, Kiber hüjüm - umumy

Dünýä -- Internet, Kiber hüjüm - umumy

Spam, ýagny iberilen adrese degişli bolmadyk hatlaryň öňüne böwet basmak bilen meşgullanýan “Spamhana” atly topar, spam döredijileriň öçli hüjümine uçrady.

Internet dünýäsi erkin, ýagny haýsydyr bir berk düzgün-tertibe boýun egmeýän giňişlik. Onsoň bu giňişlikde ýüze çykan islendik problemany garşydaş taraplar köplenç güýje daýanyp çözmäge ymtylýarlar.

Bu hepde-de edil şeýle ýagdaý ýüze çykdy. Spam, ýagny iberilen adrese degişli bolmadyk hatlaryň öňüne böwet basmak bilen meşgullanýan “Spamhana” atly topar, spam döredijileriň öçli hüjümine uçrady.

Bu hüjüme Internetde häzire çenli bolan iň uly hüjüm diýip baha berildi. Agzalýan hüjüm 27-nji martda has möwjäp, şol gün Spamhausyň sistemasyna öň görlüp-eşidilmedik derejede, ýagny sekuntda 300 gigabit tizlik bilen ägirt uly möçberde spam hatlary ýagdyryldy.

Angliýanyň Oksford şäherinde ýerleşýän, antiwirus programmalaryny işläp düzýän “Kaspersky laboratorisiniň” howpsuzlyk boýunça baş barlagçysy Deýwid Emm bu barada şeýle diýdi: "Bu meseläniň düýbünde ýatan zat- haýsydyr bir internet adresini hatardan çykarmak üçin edilýän hüjümdir. Bu kimdir biri tarapyndan, haýsydyr bir kompýuter sistemasyna, belli bir edara ýa biznese ýaramaz täsir ýetirmek üçin, onuň kadaly işlemegine päsgel berýän hüjümden ybaratdyr".

Ýene bir ýagdaý - bu hüjümiň 2010-njy ýyldakydan üç esse güýçli bolanlygy bilen bagly. Galyberse-de, bu hatda iň uly banklara edilýän hüjümlerden-de alty esse güýçli boldy.

Hüjüm Nederlandiýadan edildi

Spamhaus bu hüjüm Nederlandiýadan edilendir diýip hasaplaýar. Sebäbi bu ýerde maglumat akymynyň täsiri zerarly kompýuter ulanyjylar Internediň hemişekisinden göz-görtele haýallandygyny duýdular.

Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda kinofilmleri Internetde satýan Netflilx atly meşhur websaýtyň ulanyjylary hem websahypanyň hemişekisinden haýal işläp başlandygyny habar beripdiler.

Bilermenler, eger hüjümleriň göwrümi barha güýçlenen bolsa, onda olar e-mail we bank hyzmatlaryna hem ýaramaz täsirini ýetirerdi diýip, alada bildirýärler.
Bu wakany göz öňüne getirmek üçin iki kiber kompaniýasynyň özara urşy baradaky klassyky filmleri ýatlasa bolar.

Filmlerdäkiler ýaly

Bir tarapda: Londonda we Ženewada spamlara garşy göreşmek boýunça iş alyp barýan Spamhaus kompaniýasy dur. Onuň maksady - e-mail hyzmatlaryny üpjün edýänlere ulanyjylaryň e-maillerini hapalaýan spamlardan dynmaga kömek etmek. Beýleki tarapda bolsa: baş ofisi NATO-nyň Gollandiýadaky öňki ofisi bolan bäş gatly jaýda ýerleşýän Kiberbunker atly spam dörediji kampaniýa dur.

Bu kompaniýa özüniň çagalar pornografiýasy we terrorizm bilen bagly bolmadyk islendik websaýta hyzmat etmäge taýýardygyny aýdýar. Bu edaranyň öz hyzmatyny hödürleýän ugry gaty giň we ol spamdan peýdalanmak isleýänler üçin dürli mümkinçilikleri hödürleýär.

Spamhaus soňky edilen hüjümden öz inženerleriniň görkezen uly ussatlygyna daýanyp, halas bolandygyny aýdýar.

Iň uly hüjüm

Bu hepde edilen hüjüm taryhdaky iň uly hüjüm diýen ady alsa-da, käbir ekspertler onuň bu ady uzak saklap bilmejegini aýdýar. Sebäbi düýbi Londonda ýerleşýän “Privacy International” kompaniýasynyň Internetdäki gizlinlik boýunça eksperti Sam Smitiň sözlerine görä, Internet ulanyjylaryň sanynynyň artdygyça kiber hüjümleriniň-de köpeljekdigi öňünde belli.

"Mälim bolşy ýaly, bu taryhda edilen hüjümleriň iň ulusy. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de tehnologiýanyň ösüşi hem öňe gidýär we Internet yzygiderli giňelýär. Şonuň üçin howpuň derejesi gitdigiçe artar" diýip, Sam Smit nygtaýar.

Internet dünýäsindäki urşuň ululygy bir wagtlar tutuş wirtual älemini togtadyp biljek derejä ýetermikä? Ekspertleriň aýtmagyna görä häzirlikçe onuň bu derejä ýetjekdigini göz öňüne getirmek kyn.

Emma şu hepde bolup geçen wakalar internet dünýäsinde bolan çäkli kiber urşuň täsiriniň hem durmuşda duýuljakdygyny görkezdi. Mundan has güýçli çaknyşygyň netijesi has ýowuz bolup biler.
XS
SM
MD
LG