Sepleriň elýeterliligi

Solgun Gün paradoksy


Alymlaryň barlaglarynyň netijelerine görä, biziň planetamyzda ýaşaýşyň ilkinji alamatlary takyman 3.5 milliard ýyl mundan ozal okeanlaryň jümmüşinde peýda bolup ugrapdyr.

Alymlaryň barlaglarynyň netijelerine görä, biziň planetamyzda ýaşaýşyň ilkinji alamatlary takyman 3.5 milliard ýyl mundan ozal okeanlaryň jümmüşinde peýda bolup ugrapdyr.

Biziň planetamyzyň 4.5 milliard ýyl ýaşy bar. Ýöne planetamyz daşky gabygy ýaňy gatap, “çagalyk döwrüne” girip ugran mahallary Gün sistemasynyň giňişligi hem bu günküsinden bütinleý tapawutly bolupdyr. Ýeriň taryhynyň ilkinji iki milliard ýyllygynda Günüň şöhlesi häzirkisinden 30 prosent pes bolansoň, ol Ýeriň ýaşaýşyny gorap saklara ýeterlik ýylylyk bilen üpjün edip bilmändir.

Standart modellerde aýdylyşyna görä, ýyldyzlaryň ýylylyk güýji olaryň ýaşyna bagly. Ýaş näçe uly bolsa, şöhle şonça-da güýçli bolýar. Muňa sebäp bolýan wagtyň geçmegi bilen ýyldyzlaryň ýadrolarynyň, ýagny özenleriniň dykyzlygynyň artmagy. Bu, astrofizikleriň çaklamagyna görä, ýaş ýyldyzlaryň köpüsinde bolşy ýaly, biziň Günümiziň hem başyndan geçipdir. Gün ulgamynyň irki döwürlerinde onuň töweregindäki planetalara häzirki mukdardaky ýaly ýylylyk ýetmändir.

Günden uzagrakda ýerleşýän, şol sebäpden ondan ýeterlik ýylylyk alyp bilmeýän Ýer toparyna girýän kiçeňräk planetalaryň başyna nämeleriň gelýändigine goňşymyz Mars planetasynyň ýagdaýy hem bize sapak bolup biler.

Bu planetanyň üstünde häzir aşa ýokary sowuklyk höküm sürýär. Suw, dogrusy, bagty çüwüp, bir saý-sebäp bilen galaýsa-da, üstki daşlaryň gatlaklarynda, gaýalaryň aralygynda doňup, ýa-da aşaklygyna siňip, gürüm-jürüm bolup gidýär. Onsoň Marsda bolşy ýaly, -80 gradus ortaça temperaturaly planeta tozanjyrap ýatan, gurak, ýaşaýşa laýyk gelmeýän çöllüge öwrülýär.

Ýöne biziň planetamyzda beýle bolmandyr. Geologik subutnamalaryň (şol döwürlerden galan daşlaryň) şaýatlyk etmegine görä, 4 milliard ýyl mundan ozal-da Ýer maýyl bolupdyr. Üstünde okeanlar tolkun atypdyr, ýaşaýşyň ilkinji formalary üçin gerekli şertler döräpdir.

Ýeriň irki döwri baradaky bu iki fakt – şöhlesi gowşak Gün bilen çaýkanyp ýatan okeanlar – 1960-njy ýyllarda alymlaryň ünsüni özüne çekipdi. Astronomlar biziň Günümizi dürli ululyk we dürli ýaşdaky beýleki ýyldyzlar bilen deňeşdirip, onuň taryhynyň uly bölegini täzeden konstruirlediler.

Gün ýalkym saçmaga başlanda, häzirkisiniň 70 prosenti bilen başlapdyr. Onuň lowurdysynyň artmagy gaty haýal geçipdir. Iki milliard ýyl mundan ozal, ýagny Ýer döräli aradan 2.5 milliard ýyl geçensoň hem Günüň ýagtylygy häzirkisiniň 85 prosentinden ýokary bolmandyr. Muňa garamazdan, Ýer buza duwlanyp ýatman, onda ýaşaýyş gülläp ösüpdir. Diýmek, şol döwürlerde Ýeri Günüň şöhlesi däl-de, başga bir zat gyzdyrypdyr. Emma bu ýylylyk nireden gelipdir?

Çözmesi kyn mesele

Ylmy barlagçylaryň 50 ýyl bäri çözüp bilmän gelýän bu problemasy ýönekeý bolup görünse-de, bu uly mesele. Ol ýeke geologik faktlar bilen astronomik faktlaryň biri-birine gabat gelmeýändigini aňladanok. Ol şol bir wagtyň özünde beýleki soraglaryň üstüne ýaşaýşyň döremegi baradaky soragy-da goşýar. Sebäbi haýsy hem bolsa, buz basyp ýatan sowuk bir planetada ýaşaýşyň döremegi aňsat däl.

Alymlaryň şu wagta çenli geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, biziň planetamyzda ýaşaýşyň ilkinji alamatlary takyman 3.5 milliard ýyl mundan ozal okeanlaryň jümmüşinde, suwuň ýylyrak ýerlerinde peýda bolup ugrapdyr.

Günden alýan ýylylygy häzirkisinden 25-27 gradus aşak bolsa-da, Ýeri näme üçin buzuň gurşap almandygyny düşündirmek üçin alymlar ençeme teoriýa hödürlediler. Bularyň aglabasynda bu paradoksy atmosferadaky uglerodyň dioksidi (CO2) we metan (CH4) ýaly global ýylylyk gazlarynyň (ýagny, parnik effekti) üsti bilen çözmäge synanyşylýardy.

Indi bolsa geologlar Robin Wordswors bilen Reýmond Pierrehumbert (ikisi-de Çikago uniwersitetinden) “Science” žurnalynyň 2013-nji ýylyň 4-nji ýanwar sanynda başga bir çeşmäni ileri sürýärler. Olaryň aýtmagyna görä, şu wagta çenli gözden salnan iki molekulanyň, ýagny wodorod (H2) bilen azotyň (N2) özara çaknyşmagynyň Günüň öçügsi şöhlesi bilen Ýeriň ýaşaýşa gerekli ýylylygynyň arasynda möhüm rol oýnan bolmagy mümkin.

Biziň bu günki atmosferamyzda molekulýar wodorod ýok diýerlik. Sebäbi ol ýeňil bolansoň, atmosferadan sypyp, aňsatlyk bilen kosmosa geçýär. Ýöne Çikago uniwersitetiniň geologlary Ýeriň irki döwürlerinde beýle gaçyp sypmak wodorod üçin gaty kyn bolandyr, çünki oňa Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goldaw bolan däldir diýip, delil getirýärler.

Olar atmosferanyň 30 prosentiniň wodoroddan duran bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Ýöne gelen netijelerine görä, bu 10 prosent bolan hem bolsa, temperaturany 10-15 gradus ýokarlandyrmaga ýeterlik. Alymlar: “Azotyň derejesi hem häzirkisinden üç esse ýokary bolandyr” diýýärler.

Aslynda azot bilen wodorod Günüň ýylylygyny tutup almakda ýekelikde uly iş bitirip bilenoklar. Ýöne özara çaknyşanlarynda, olaryň gurluşynyň gysga wagtlaýyn üýtgemegi bilen, radiasiýany özüne siňdirmegine ýol açylýar. Robin Wordswors bilen Reýmond Pierrehumbertiň hem aýdýany edil şu.

Wordsworsyň bellemegine görä, bu ýylylyk effektiniň biziň beýleki planetalardaky klimatlara düşünmegimiz üçin gaty möhüm bolmagy ähtimal. Aýratyn-da onuň “super Ýerler” diýlip atlandyrylýan uly planetalar barada ýaşamaga ýaramly zonalaryň tapawutlandyrylyşynyň giňelmegine getirmegi mümkin.

Bu planetalar öz ene ýyldyzlaryndan uzakda ýerleşýärler. “Super Ýerleriň” atmosferasy beýleki planetalara garanda wodorod bilen azota baý hasaplanýar.

Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan žurnalist, syýasy ylymlaryň doktory.

ÇEŞMELER:

http://www.sciencemag.org/content/339/6115/64
http://phys.org/news/2013-01-geologists-theorize-early-earth-hydrogen-nitrogen.html
http://phenomena.nationalgeographic.com/2013/01/03/life-under-a-faint-sun/
http://www.newscientist.com/article/dn23043-titan-holds-clue-to-faint-young-sun-paradox.html
http://www.astrobio.net/exclusive/4552/baby-fat-on-the-young-sun
http://diepresse.com/home/science/746093/Sonne_Wie-wurde-die-Erde-wohnlich-warm.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG