Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda mekdep direktory öldürildi


Şenbe güni Pakistanyň Karaçi şäherinde näbelli ýaragly adamlaryň bir ýerli mekdebe eden hüjüminde mekdebiň direktory öldi.

Bu hüjümiň bu mekdepde 5-10 ýaş aralygyndaky başlangyç klas okuwçylarynyň öz ýyllyk ekzamenleriniň netijesini bilmek üçin dabara ýygnanan pursady amala aşyrylandygy habar berilýär. Ýerli polisiýa wakada azyndan sekiz okuwçynyň ýaralanandygyny aýdýar.

Polisiýanyň maglumata görä, bu hüjümde öldürilen mekdep direktory esasy agzalary puştunlardan durýan Awami milli partiýasynyň agzasy eken. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG