Sepleriň elýeterliligi

Karzaý Katarda gepleşik geçirer


Şenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Katara sapara ugrady. Bu saparynyň barşynda ol Kataryň resmileri bilen esasan Owganystandaky parahatçylyk prosesi hem-de Katarda talybanlaryň ofisini açmak meselesi barada maslahat eder diýlip garaşylýar.

Şu çaka çenli talyban söweşijileriniň liderleri prezident Hamid Karzaýy Birleşen Ştatlaryň “dikmesi” diýip atlandyryp, onuň bilen göni gepleşik geçirmekden ýüz öwrüp gelýärler.

Emma Hamid Karzaý öz gezeginde talybanlar bilen parahatçylyk meselesi barada gepleşik geçirilmegini goldap çykyş edip gelýär.
XS
SM
MD
LG