Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan “uruş ýagdaýyna” geçdi


Şenbe güni Demirgazyk Koreýa özüniň Günorta Koreýa bilen “uruş ýagdaýyna” geçendigini yglan etdi.

Döwlet mediasynda yglan edilen maglumatda “Şu pursatdan başlap iki Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklar uruş ýagdýyna geçýär we iki Koreýanyň arasyndaky ähli meseleler şu ýagdaýa laýyklykda çözüler” diýlip bellenilýär.

1953-nji ýylda Koreýa ýarym adasyndaky ikitaraplaýyn söweşleriň ýaraşyk şertnamasy esasynda tamamlanandygyna garamazdan, Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň gatnaşyklary tehniki nukdaýnazardan uruş ýagdaýynda galypdy.

Geçen aý Demirgazyk Koreýanyň üçülenji gezek ýadro synagyny geçirmeginiň yzy bilen Koreýa ýarym adasyndaky ýagdaýlar has-da dartgynlaşdy.

Mart aýynyň başynda Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýanyň harby türgenleşik geçirip başlamaklarynyň yzy bilen bolsa, Demirgazyk Koreýa bu iki ýurduň territoriýasyna hüjüm etmek haýbatyny atyp başlady.
XS
SM
MD
LG