Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda şahtaçylaryň lageri gömüldi


Şenbe güni Hytaýyň gunbataryndaky Tibetiň paýtagty Lhasa şäheriniň golaýynda ýüz beren ýer süýşgüninde gömlen şahtaçylary gözlemek işleri dowam edýär.

Hytaýyň döwlet mediasynyň maglumatyna görä, anna güni ýüz beren bu wakada şahtaçylaryň lageriniň golaýynda ýerleşýän baýryň üç kilometr töweregi bölegi lageriň üstüne ýumrulypdyr. Bu wakanyň ýüz beren wagty şahtaçylaryň lagerinde 83 işgäriň bolandygy aýdylýar.

Bu waka bilen bir wagtda diýen ýaly, Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Jilin prowinsiýasynda kömür şahtasynda gazyň partlamagy netijesinde azyndan 28 adam öldi.

Wakada 13 şahtaçynyň halas edilendigi habar berilýär. Hytaý şahtaçylaryň ölüminiň derejesi boýunça dünýäde iň bir ýaramaz ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG