Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Doneskde uly ýangyn ýüze çykdy


Şenbe güni Ukrainanyň Donesk şäheriniň golaýynda ýangyç-energiýa stansiýasynda ýüze çykan uly partlamada we ýangynda azyndan bir adam ölüp, üç adam ýaralandy.

Ukrainanyň halas ediş gullugynyň metbugat sekretary Inna Sedowa halas ediş gullugynyň işgärleriniň bu wakada energiýa stansiýasyndaky 10 adamy ýangyn howpundan halas edendiklerini aýtdy.

Ýerli resmileriň maglumatyna görä, Donesk oblastynyň Switladarsk şäheriniň golaýyndaky bu ýangyç-energiýa stansiýasynyň binasynda howadaky kömür tozanynda ýangyn emele gelip, ol başda uly partlama döredipdir we şondan hem binada uly ýangyn ýüze çykypdyr.

Bu wakanyň netijesinde Switladarsk şäherinde elektrik togunyň-da doly öçendigi habar berilýär. Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç şenbe güni bu heläkçiligiň sebäbini anyklamak boýunça düýpli derňewleriň geçirilmegine görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG