Sepleriň elýeterliligi

Phenýan “uruş ýagdaýyna” geçendigini yglan etdi


North Korea -- People attend a rally in support of Phenýandaky harby paradda raýatlar prezident Kim Jong Unuň Birleşen Ştatlara we Günorta Koreýa garşy agressiw beýanatyna raýdaşlyk bildirýärler. Phenýan, 29-njy mart, 2013.

North Korea -- People attend a rally in support of Phenýandaky harby paradda raýatlar prezident Kim Jong Unuň Birleşen Ştatlara we Günorta Koreýa garşy agressiw beýanatyna raýdaşlyk bildirýärler. Phenýan, 29-njy mart, 2013.

Şenbe güni Demirgazy Koreýa özüniň Günorta Koreýa bilen “uruş ýagdaýyna” geçendigini yglan etdi. Eýsem, onuň bu beýanaty nämäni aňladýar? Muňa nähili reaksiýa berilýär?

Döwlet mediasynda yglan edilen maglumatda “Şu pursatdan başlap iki Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklar uruş ýagdýyna geçýär we iki Koreýanyň arasyndaky ähli meseleler şu ýagdaýa laýyklykda çözüler” diýlip nygtalýar.

Şeýle hem, ýurduň öz hökümet edaralaryna we guramalaryna gönükdirilen bu beýanatda: “Koreýa ýarym adasynda parahatçylykmy ýa uruş ýagdaýydygy belli bolman gelen nämälim ýagdaý ahyrsoňy birtaraplaýyn boldy” diýlip bellenilýär.

Mundan daşary, Phenýanyň bu beýanatynda Günorta Koreýa tarapyndan gurnaljak islendik bir prowakasiýanyň “doly gerimli konflikte hem-de ýadro urşuna öwrüljekdigi” bilen duýduryş-da berilýär.

1953-nji ýylda Koreýa ýarym adasyndaky ikitaraplaýyn söweşleriň ýaraşyk şertnamasy esasynda tamamlanandygyna garamazdan, Demirgazyk Koreýa bilen Demirgazyk Koreýanyň gatnaşyklary tehniki nukdaýnazardan uruş ýagdaýynda galypdy.

Günorta Koreýanyň hökümeti Phenýanyň bu soňky beýanatyna onuň “prowakasion haýbatynyň dowam etmesi” hökmünde baha berdi.

Günorta Koreýanyň Demirgazyk Koreýa bilen syýasy hyzmatdaşlyklary boýunça iş alyp barýan Unifikasiýa ministrligi iki ýurduň bilelikde serenjamlyk edýän “Kaesong” parkyndaky işleriň adaty görnüşinde dowam edýändigini we ulaglaryň-da iki ýurduň serhetlerinden ozalkylary iki tarapa gatnaýandyklaryny aýtdy.

Käbir reaksiýalar

Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk Geňeşiniň metbugat sekretary Kaýtlin Haýden Demirgazyk Koreýanyň “indi köp wagtlardan bäri agressiw äheňde beýanat edip gelýändigini we bu günki beýanatyň-da şol bir kada eýerýändigini” öňe sürdi.

Ýöne, şeýle-de bolsa, hanym Haýden Demirgazyk Koreýanyň bu soňky haýbaty bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlaryň goşmaça çäreleri görmegini dowam etdirýändigini-de aýtdy.

Geçen aý Demirgazyk Koreýanyň üçülenji gezek ýadro synagynyň geçirmeginiň yzy bilen Koreýa ýarym adasyndaky ýagdaýlar has-da dartgynlaşdy. Phenýanyň bu ädimi oňa garşy täze halkara sanksiýalarynyň girizilmegine getirdi.

Anna güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Koreýa ýarym adasyndaky ýagdaýlaryň kontrollykdan çykyp, çynlakaý krizise öwrülmeginiň mümkindigi barada duýduryş berdi.

“BMG-niň talabalaýyk reaksiýalary hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň bildirýän kollektiw reaksiýalary bilen bir wagtda Demirgazyk Koreýanyň töwereklerinde birtaraplaýyn ädimleriň ädilmegi bizi aladalandyrýar. Bu ýagdaýlar harby hereketleriň güýçlenmegine itergi berýär” diýip, Lawrow öz aladasyny mälim etdi.

Mart aýynyň başynda Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýanyň harby türgenleşik geçirip başlamaklarynyň yzy bilen bolsa, Demirgazyk Koreýa bu iki ýurduň territoriýasyna hüjüm etmek haýbatyny atyp başlady.
XS
SM
MD
LG