Sepleriň elýeterliligi

Moskwa ABŞ-ny “içerki işlere” goşulmakda aýyplady


Orsýetli aktiwistler HAG-laryň gaýtadan registrasiýa edilmelidikleri baradaky täze talaplara protest bildirýärler. Moskwa, 19-njy mart, 2013.

Orsýetli aktiwistler HAG-laryň gaýtadan registrasiýa edilmelidikleri baradaky täze talaplara protest bildirýärler. Moskwa, 19-njy mart, 2013.

Şenbe güni Orsýetiň hökümeti bu ýurtdaky hökümetden aýry guramalaryň Birleşen Ştatlar tarapyndan maliýeleşdirilmegini “perdä bukulmazdan, bu ýurduň içerki işlerine goşulyşmaklyk” diýip häsiýetlendirdi.

Bu barada eden beýanatynda Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aleksandr Lukaşewiç bu meselede ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekratary Wiktoriýa Nulandyň eden çykyşyna salgylandy.

Geçen hepdäniň penşenbe güni Wiktoriýa Nuland Birleşen Ştatlaryň üçünji bir araçyl ýurtlaryň üsti bilen Orsýetdäki hökümetden aýry guramalary maliýeleşdirmegini dowam etdirmekçidigini belläpdi.

Öz gezeginde Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aleksandr Lukaşewiç ABŞ-nyň bu syýasatyny Orsýetiň kanunçylygyndan sowlup geçip, bu ýurduň içerki işlerine gatyşmaklyk hökmünde häsiýetlendirdi.

Aleksandr Lukaşewiç ABŞ-nyň bular ýaly çäreleriniň Orsýetdäki hökümetden aýry guramalary bu ýurduň jemgyýetçilik guramalary baradaky kanunlaryny bozmaklyga iterýändigini aýtdy.

Barlaglar we onuň maksady

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Orsýetiň häkimiýetleri bu ýurtdaky hökümetden aýry guramalaryň täze kabul edilen kanuna eýerip-eýermeýändiklerini anyklamak maksady bilen giň gerimde barlag işlerini alyp barýarlar.

Geçen ýyl kabul edilen bu täze kanuna laýyklykda, daşary ýurt fondlarynyň hasabyna Orsýetde iş alyp barýan guramalar indi özlerini “daşary ýurt agenti” diýen at bilen täzeden registrasiýa etdirmeli.

Köp guramalar bu täze statusyň bu guramalary “daşary ýurtlaryň içalylary” ýa-da “watan duşmanlary” diýip atlandyrmaklyga deňdigini öňe sürýärler.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bu guramalaryň işini derňemek boýunça alnyp barylýan işleri olaryň öz düzgünnamalarynda görkezilen maksatlara hem-de Orsýetiň kanunçylygyna eýerip-eýermeýändiklerini anyklamak üçin geçirilýän adaty bir barlag hökmünde düşündirdi.

Soňky wagtlar şeýle derňewlere sezewar bolan guramalaryň hatarynda “Amnesty International”, “Human Rights Watch” we “Transparency International” ýaly halkara guramalarynyň Moskwadaky bölümleri-de bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG