Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Deli: Jynsy zorluk boýunça sud başlandy


Ýekşenbe güni Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide şweýsariýaly bir syýahatçy aýaly ýakynda jynsy taýdan zorlanlykda aýyplanýan alty adamyň işi boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Bu sud prosesinde sudýalar ozaly bilen iki adamyň şaýatlyk görkezmesini diňlediler. Wakada ejir çeken şweýsariýaly är-aýal suduň bu ilkinji diňlenişigine gatnaşmadylar.

15-nji martda bolan wakada ýerli erkek kişileriň bir topary tokaýlykda düşlän şweýsariýaly är-aýaly ýenjip, ol aýaly jynsy taýdan zorlapdylar.

Hindistanyň prokuraturasy tussag edilen alty adamdan dördüsini bu turist aýaly jynsy taýdan zorlamakda, beýleki ikisini bolsa fiziki hüjüm etmekde we talaňçylykda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG