Sepleriň elýeterliligi

Katolikler Pasha baýramyny belleýärler


Ýekşenbe güni dünýäniň katolik hristianlary Isa mesihiň täzeden direlen güni hasaplanylýan Pasha baýramçylygyny giň gerimde belläp geçýärler.

Ýekşenbe güni bu baýramçylyk bilen baglanyşykly Watikanda eden ýüzlenmesinde Rim papasy Fransis 1-nji dünýäniň milletlerini parahatçylyga çagyrdy.

Aýratynam ol bu meselede Ysraýyl bilen Palestinanyň, Siriýanyň, Koreýa ýarym adasynyň we käbir Afrika ýurtlarynyň alada döredýän regionlar bolmagynda galýandygyny belledi.

Mundan daşary, täze saýlanan Rim papasy ynsanýetiň tebigatyň goragçysy bolmalydygyny nygtap, daşky gurşawyň goralmagyna-da çagyryş etdi.

Katolikleriň ruhany lideriniň Watikanda eden bu çykyşyny diňlemek üçin Watikanyň merkezi meýdançasyna 250 müň töweregi adamyň ýygnanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG