Sepleriň elýeterliligi

Boksçy Golowkin öz titullaryny saklady


Şenbe güni Monakoda boks boýunça geçirilen halkara professional bäsleşiginde gazagystanly boksçy Gennadiý Golowkin özüniň çempionlyk titullaryny saklamagy başardy.

Ol bu bäsleşikde ýaponiýaly Nobuhiro Işida üçünji raundda nokaut berdi. Bu bäsleşikde Gennadiý Golowkin aram agramlyk kategoriýada özüniň Dünýä Boks Assosiasiýasynyň we Halkara Boks Guramasynyň çempionlyk titullaryny gorap çykyş etdi.

Şeýlelikde, 30 ýaşly Gennadiý Golowkiniň şenbe günki ýeňşi onuň professional ýaryşlarda 26-0 bilen ýeňiş gazanmasy hökmünde alamatlandy. 26 duşuşykdan 23-sini ol nokaut bermek bilen tamamlapdy.
XS
SM
MD
LG