Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Irkutsk: Kafede granat partladyldy


Ýekşenbe güni irden Orsýetiň Irkutsk oblastynyň Nowaýa Igirma şäherçesindäki bir ýerli kafede granatyň partladylmagy netijesinde iki adam ölüp, on adam ýaralandy.

Orsýetiň polisiýasy bu wakada kafede gurnalan ýerli ýaşlaryň üýşmeleňinde oňa gatnaşyjylaryň arasynda dawa-jenjeliň ýüze çykandygyny aýdýar. Maglumata görä, bu wakada üýşmeleňe gatnaşyjylardan biri söweş granatyny partladypdyr.

Wakada bu partlamany amala aşyranyň özi bilen birlikde ýene bir adamyň ölendigi we on adamyň ýaralanandygy aýdylýar. Polisiýa bu bolan waka boýunça jenaýat-derňew işiniň ýola goýlandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG