Sepleriň elýeterliligi

A.Baýhanow: “Türmede şygyr ýazyp başladym”


Nyýazowyň režimi tarapyndan tussag edilip, uzak tussaglyk möhletine höküm edilen türkmenistanly telekeçi Akmuhammet Baýhanow. Mart, 2013.

Nyýazowyň režimi tarapyndan tussag edilip, uzak tussaglyk möhletine höküm edilen türkmenistanly telekeçi Akmuhammet Baýhanow. Mart, 2013.

Azatlyk Radiosy öz döwründe Nyýazowyň režimi tarapyndan tussag edilip, uzak tussaglyk möhletine höküm edilen türkmenistanly telekeçi Akmuhammet Baýhanow bilen onuň başdan geçiren ýagdaýlary we döredijilik işleri barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Akmuhammet, şu wagt siz daşary ýurda çykypsyňyz. Indi näme bilen meşgullansam diýýärsiňiz? Nähili planlaryňyz bar?

Akmuhammet Baýhanow: Daşary ýurda çykmagymyzyň esasy sebäplerinden biri bu taýda biznes taýdan iş gurnamaklyk. Zyndanda oturan mahalym alyp baran işlerim bar. Ondan soň bäş ýyl öýümde oturyp ýaşamaly boldum. Şol döwürlerde giden şygyrlar, kitaplar ýazdym. Şolary neşir etmeklik we olary öz halkymyz bilen dünýä köpçüligine ýetirmeklik meniň öz öňümde goýan wezipelerim bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Akmuhammet, siz Nyýazow režiminiň pidalaryndan biri. Türmede bolan wagtyňyz birnäçe eser, köp goşgy, saz we aýdym ýazypsyňyz. Şolary Türkmenistanda çap etmek islediňizmi? Näme üçin olary Türkmenistanda çap etmän, daşary ýurtda çap etmegiň ýollaryny gözlediňiz?

Akmuhammet Baýhanow: Elbetde, men Türkmenistanda eserlerimi çap etdirjek bolup synanşyp gördüm. 2007-nji ýylyň awgust aýynyň aýaklarynda bir şygyr ýazypdym. Azatlykda gezip ýörendigim üçin türkmençe aýdylanda "Sag bolsun, Taňryýalkasyn” diýlen manyda bir şygyrdy.

Ol: "Azatlygy bereniňiz üçin sag boluň” diýen manyda ýazylypdy. Şygry ýazyp, Medeniýet ministrliginiň sungat bölümine bardym. Ol ýerde bir adam oturan eken. Meniň şygrymy diňledi. Soň ol adam “Emma, biz munuň ýaly şygyrlary çap edemizok. Dogry düşüniň” diýdi.

Men: “Nämä dogry düşünmeli? Ýa göwnüňize ýaramadymy bu şygyr” diýsem, ol: “Ýok, şygryňa söz ýok. Ýöne biz rugsatsyz çap edip bilmeris” diýdi.
Kimden rugsat almaly – men ony bilemok. Şeýle jogapdan soň men yzyma dolandym. Gaýdyp o taýda şygyrdyr-kitap çap etmeklik meselesini goýdum. Indi mundan beýläk, nesip bolsa, ýagdaýa göräräk bolarys.

Azatlyk Radiosy: Edebiýata sizi iteren zat name boldy?

Akmuhammet Baýhanow: Elbetde duýgular sebäp bolandyr. Şol döwrüň bigünä zulmy, aýraçylyk, günäsiz zyndanda oturmaklyk, elbetde, bu zatlar pikir etdirdi we şol wagt hem men şygyr ýazyp başladym.

Azatlyk Radiosy: Siziň durmuşyňyzyň türmede geçen bir döwri bar. Soň, azatlyga çykyp, öýňüzde oturan döwrüňiz bar. Daşary ýurda çykanyňyzdan soň, nähili duýgular has öňe saýlandy. Şol döwürleriň arasyndaky tapawutlar siziň goşgularyňyzda nähili belli bolýar?

"Eý, Taňrym! Men şu aşakda ýatanyň günäsini geçýän" diýdim.

Akmuhammet Baýhanow: Döwürleriň arasyndaky temalarda tapawut, elbetde, bar. Sebäbi her zaman, her pursat özüçe adamyň aňyna täsir edýär. Bu sebäpden, elbetde, maňa-da şeýleräk täsir edendir. Meselem, zyndanda otyrkam, şeýleräk şygyr ýazdym:

Eý, ýaradan Taňrym, bu ne bet hasrat!
Tenimden süňňüme ötüp baradyr.
Ne döwre kybapdaş, bar kişi basdaş,
Biri-birniň etini iýip baradyr.

Ýokardan ýol ýasan, öýi ýerzemin,
Halkyny görmedi düýnki bir ýetim,
Unutdy kimdigni, çagalyk döwrün,
Ol halkyň rysgalyn iýip baradyr.

Şu setirleri şol wagt ýazmak bilen, şol wagtky režimiň başynda duran adamyň eden-etdiliklerini öz şygrymda beýan etdim. Günäsiz adamlaryň basylmagyny, adamlaryň maşgalalaryndan aýrylyp, horlanmagyny şygyrlarymda beýan etdim. Elbetde, bu zatlary adamlar kitabym çykandan soň okarlar we özleri baha bererler.

Azatlyk Radiosy: Azatlyga çykanyňyzdan soň, nähili temalar eserleriňizde has möhüm tema öwrüldi?

"Eý, Taňrym! Men şu aşakda ýatanyň günäsini geçýän" diýdim.

Akmuhammet Baýhanow: Azatlyga çykanymdan soň, başgaçarak temalar boldy. Umuman, eserlerimiň içinde zyndan wagtam, zyndandan çykylandan soňam filosofiýa şygyrlary köpçülik edýär. Adamzadyň pikiri, akyl-paýhasy, adamlaryň özara gatnaşyklary, özlerini alyp baryşlary barada. Olary her hili tankyt edip ýa-da wasp edip şygyrlarda görkezýärin. Söýgi barada hem görkezýärin. Meselem:

Köňlüm saňa aýdaýyn,
Bagy-bossandyr dünýe.
Garaşsaň ajap söýgä,
Söýgi mekandyr dünýe.

Baglaryňda guş bolsam,
Daglaryňda goç bolsam,
Gözleriňde ýaş bolsam,
Söýgi, mukamdyr, dünýe.

Ýene, meselem, häzir dutarda aýdymlarymyň birinden size iki topbak aýdyp bereýin:

Belent daglaryň çür depesi,
Şildiräp akar suw-çeşmesi.
Sensiň ýüregmiň damjasy,
Eräp-akanym dälmidiň?!

Gel diyseň, ýanyňa baraýyn men,
Bagyňda dutarym çalaýyn men,
Akmuhammet, ýar diýsem, sen,
Baky ykbalym dälmidiň?!

Ynha, şular ýalyrak şygyrlary ýazmagy dowam etdim. Zyndandan çykanymdan soň has bir täsirli döwür başlandy. Hawa, näme, adam azatlyga çykandan soň, elbetde, hemişe galkynýar. Şonda ýazan şygyrlarymdan bir mysal:

Eý, adamzat, diňle töwerek-daşy,
Bu dünýe geňdir, kimde gözýaşy.
Kimse garaşmady, gondy bagt guşy,
Kimse düýn aglady, bu gün şat indi.

Ynha, şol çekilen jebirler, elbetde, birden ýatdan çykan däldir-dä. Muňa garamazdan, şatlyk, töwerek-daşyň, maşgalaň, dost-ýarlaryň begenji, öz ýürek duýguňy, ynha, şular ýaly zatlary ýazmak maňa miýesser etdi. Soňky bäş ýyldan soň indi dünýä çykyp, dünýäni gezip başladyk. Şunuň ýaly iş gurmaklyk niýetimiz bar. Tema indi üýtgedi, başgaçarak, has köp dünýä we watan bilen bagly temalar orta çykyp dur. Soňky şygyrlarymyň biri, ynha, martyň 27-sinde ýazylan. Ady “Merdi göreliň dostlar!”

Ýör gideliň jahana,
Zamana geldi, dostlar!
Başga barmy bahana,
Pikirim beýandyr, dostlar!

Bahar güller açanda,
Dünýä nurun saçanda,
Beýik dagyň başynda
Ýurda bakalyň, dostlar!

Ak maýanyň üstünde,
Garagumyň düzünde,
Amyderýaň boýunda,
Ýurdy gezeliň, dostlar!

Säher gün hem doganda,
Bagşy sazyn çalanda,
Öý-saçagyň başynda,
Gök çaý içeliň, dostlar!

Kimse söýer watany,
Halk halamaz nadany,
Akmuhammet, söz barmy,
Merdi göreliň, dostlar!

Indi hem şeýleräk temalarda her günde birden-ýarymdan şygyrlarymy ýazyp otyryn...

Azatlyk Radiosy: Akmuhammet, siz Nyýazow režimi tarapyndan nähak türmä baslyandyňyzy aýdýarsyňyz. Ýöne azatlyga çykanyňyzda, siz Nyýazowyň guburyna baryp, onuň bilen razylaşyp gaýtdyňyz diýip hem eşitdik. Şol pursady öňünden nähili pikir etdiňiz? Şeýle etmek bilen maksadyňyz nämedi? Ol ýerde razylaşyp gaýdan mahalyňyz nähili duygulary başdan geçirdiňiz?

Akmuhammet Baýhanow: Bu pursat mende tötänden bolup geçdi. Gypjakda gurlan uly metjit bar. Gelen myhmanlarym şony göräýsek diýip, menden haýyş etdiler. Şol metjide bardym. Myhmanlar bilen bir el galdyryp, çykdym.

Metjidiň gapdalynda meniň zyndanda otyran döwrüm gurlan kiçiräk binalar bardy. Ol ýerde durandan "Bu näme?” diýip, sorasam, ol "Saparmyrat Nyýazow jaýlangy şu ýerde“ diýdi.

Men myhmanlara hem hiç zat diýmän, şol tarapa yöräp gitdim. Bardym, içine girmäge rugsat berilýän ekeni. Girip görsem, aşakda onuň gubury bar. Edil şol wagt meniň kelläme bir pikir geldi. Iki elimi al-asmana göterip: "Eý, Taňrym! Men şu aşakda ýatanyň günäsini geçýän. Maňa ömür we saglyk ber!” diýdim. Şeýdip, oňa-da "Ýatan ýeriň ýagty bolsun! Ämin” diýdim-de, dolanyp gaýtdyberdim...

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG