Sepleriň elýeterliligi

Katolik dünýäsi Pasha baýramyny belleýär


Yragyň Mosul şäherindäki hristian ybadathanasynda katolik dindarlary Pasha doga okaýyşlygyna gatnaşýarlar. Mosul, 31-nji mart, 2013.

Yragyň Mosul şäherindäki hristian ybadathanasynda katolik dindarlary Pasha doga okaýyşlygyna gatnaşýarlar. Mosul, 31-nji mart, 2013.

Ýekşenbe güni dünýäniň katolik hristianlary Isa mesihiň täzeden direlen güni hasaplanylýan Pasha baýramçylygyny giň gerimde belläp geçýärler.

Ýekşenbe güni bu baýramçylyk bilen baglanyşykly Watikanda eden ýüzlenmesinde Rim papasy Fransis 1-nji dünýäniň milletlerini parahatçylyga çagyrdy.

Katolik hristianlaryň ruhany lideri, Rim papasy Fransis 1-nji. Mart, 2013.

Katolik hristianlaryň ruhany lideri, Rim papasy Fransis 1-nji. Mart, 2013.

Asly argentinaly Fransis 1-nji italiýan dilinde eden bu dogasynda, aýratynam, bu meselede Ysraýyl bilen Palestinanyň, Siriýanyň, Koreýa ýarym adasynyň we käbir Afrika ýurtlarynyň alada döredýän regionlar bolmagynda galýandygyny belledi.

“Ýakyn Gündogar, hususan-da, ylalaşyk tapmak ugrunda çalyşýan Ysraýyl bilen Palestina üçin parahatçylyk bolsun. Goý, olar özleriniň çakdanaşa uzak dowam eden konfliktleriň soňuna çykmak üçin öz gepleşiklerini tutanýerlilik we batyrgaýlyk bilen gaýtadan ýola goýsunlar” diýip, Fransis 1-nji italiýan dilinde doga etdi.

Ol Yrakdaky we Siriýadaky gandöküşikler barada-da aýratyn durup geçip, bu ýurtlardaky konfliktleriň syýasy gepleşikler arkaly çözülmegi üçin doga edýändigini nygtady.

Mundan daşary, täze saýlanan Rim papasy ynsanýetiň tebigatyň goragçysy bolmalydygyny nygtap, daşky gurşawyň goralmagyna-da çagyryş etdi.

Katolikleriň ruhany lideriniň Watikanda eden bu çykyşyny diňlemek üçin Watikanyň merkezi meýdançasyna 250 müň töweregi adamyň ýygnanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG