Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Şepagat uýalarynyň kynçylyklary


1990-njy ýyllaryň soňunda S.Nyýazowyň başlan köpçülikleýin işden boşatmak çäreleri we ondan soňky emele gelen ýagdaý köp keselhanalara ýaramaz täsirini ýetirdi.

1990-njy ýyllaryň soňunda S.Nyýazowyň başlan köpçülikleýin işden boşatmak çäreleri we ondan soňky emele gelen ýagdaý köp keselhanalara ýaramaz täsirini ýetirdi.

45 ýaşyndaky Sona Lebap welaýatynyň köp ugurly keselhanalarynyň birinde işleýän maşgala şepagat uýalaryndan biri. Onuň aýlyk gazanjy 600 manat, iş sagady bolsa irden 8-de başlap, agşam giç sagatlara çenli dowam edýär. Onuň gije çenli işlemeginiň sebäpleri garamagyndaky hassalara bir-birdan aýlanyp çykýanlygy we wagtynyň ýetmeýänligi bilen bagly.

Ol iş şertlerine görä günde 8 sagat işlemeli, yöne onuň işleýän köp ugurly keselhanasynda şepagat uýalarynyň sanynyň bolmalysyndan azlygy sebäpli Sona hem beýleki kärdeşleri ýaly kesgitlenen iş sagadyndan köp işleýär. Hatda ol iş sagadynyň daşyndan hem özüne degişli bolan çägiň raýatlarynyň haýyşy boýunça çagyrylýan pursatlarynyň hem az däldigini aýdýar.

Sona eýýäm on bäş ýyldan gowrak wagtdan bäri öz poliklinikasynda işleýär, Sona ýaly şepagat uýalarynyň işi mydama beýle agyr däldi. Ilki işine başlan döwürleri poliklinika degişli her çäkde 2 sany şepagat uýasy işleýärdi.

Sonanyň aýtmagyna göra, gyssagly ýagdaýda işe çagyrylan halatynda hem “normadan daşary” diýip, olara aýlygynyň daşyndan pul tölener eken. Onsoň wagtly ýa biwagt öz garamagyndaky hassalar tarapyndan çagyrylmak ýaly düzgün hem ýok eken.

1990-njy ýyllardan soň

Emma 1990-njy ýyllaryň soňunda başlan S.Nyýazowyň köpçülikleýin işden boşatmak baradaky karary we ondan soňra emele gelen ýagdaý, beýleki keselhanalar ýaly, Sonanyň işleýän poliklinikasyna hem täsirini ýetiripdir. Sonanyň aýtmagyna görä, şol wagt oňa iki çägi berkidipdirler, her çäkde bolsa 1000 adamdan köpräk ilat bar eken.

Şunlukda, öň her çäkde 2 şepagat uýasy berkidilen bolsa, häzir her çäkde bir şepagat uýasy bar. Bu bolsa öz nobatynda Sona ýaly şepagat uýalarynyň iş şertlerini agyrlaşdyrýar. Üstesine, şepagat uýalary aýlyklarynyň işlerine görä däldigini aýdýarlar.

“Aýlygymyzam bary-ýogy 600 - 700 manat aralygynda, ýöne iş şertlerimiz juda agyr. Käte ýarygijede çagyrýalar, ýa bolmasa hassalar öýe gelýärler. Bu işlän sagadymyzy bize iki esse köp edip tölemeli, tölemek beýlede dursun, işlän sagadymyzy bellige alyş ýollary hem ýok” diýip, Sona biziň bilen söhbetdeşliginde nygtady.

Sonanyň aýtmagyna görä, esasy mesele diňe aýlygyň azlygy ýa iş şertleriniň agyrlygy däl, onuň maşgalasy bilen bile bolmaga hem ýeterlik mümkinçilik ýok. Sona, aýratynam, şeýle ýagdaýlar sebäpli öz wezipesinden eliniň sowap barýanlgyny aýdýar. Üstesine, ol başlyklarynyň ýerliksiz igenjiniň hem ýadadýandygyny belledi.

Başlyklarynyň ýerliksiz igenýändigi barda Sona we onuň kärdeşleri welaýat lukmanlar gözegçilik edarasyna arza-da ýazypdyrlar. Ýöne olara gelen jogapda ýazan meselelerine hökman garaljakdygy barada jogap gelmek bilen çäklenilipdir.

Ondan bäri eýýäm bir ýyl geçdi, ýöne entäk uýtgän zat ýok diýip Sona aýdýar.
Alnan şol jogapdan soň, Sona häzirki döwürde özüne başga iş gözläp ýör. Ol başga iş tapsa, eglenmän geçjekdigini ynamly aýdýar. Onuň kärdeşlerinden käbiri işden çykyp, daşary ýurtlara işe gidipdirler. Sonanyň aýtmagyna görä, häzir hem daşary ýurtlara gitjek bolup ýörenler az däl.

Sona ýaly şepagat uýalarynyň we lukmanlaryň iş şertleriniň agyrlygy sebäpli işden gidýändikleri sebäpli keselhanalarda tejribeli lukmanlaryň ýetmezçilik edýändigi barada-da giňden gürrüň edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG