Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda din: Azatlyklar we aladalar


Aşgabatdaky metjit
Aşgabatdaky metjit
Türkmenistanda kanunlar ilatyň din azatlygyny kepillendirýär. Söwet döwründen tapawutlylykda, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ozal göze ilmedik zat – uly we kaşaň metjitler guruldy, azan sesleri ýaňlandy we adamlar metjide namaza gatnap başladylar.

Sowet döwründen tapawutlylykda, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan dünýäniň musulman ýurtlary bilen, hususan-da Türkiýe bilen has ýakyndan gatnaşmaga başlady.

Bu gatnaşyklar öz gezeginde adamlaryň umumy dini bilim-düşünjesiniň öňkülerinden has giňemegine, belli derejede çuňlaşmagyna getirdi diýen pikirler hem öňe sürülýär.
Munuň üstesine, Türkmenistanda açylan türkmen-türk mekdepleri hem türkmen çagalarynyň dini däp-dessurlar bilen tanyşlygyny güýçlendirdi diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Mundanam başga, türkmen hökümeti ýylda Mekgä gitjek iki ýüz çemesi adama ýörite mugt uçar mümkinçiligini döredýär.

Emma şu hili oňyn özgerişlere garamazdan, Türkmenistanda diniň doly azat däldigi, adamlaryň dini ynanjy üçin ýanalýan, yzarlanýan halatlarynyň hem bardygy aýdylýar.

Ikinji tarapdan, dünýäniň dürli ýurtlaryndaky dürli dinleriň we din akymlarynyň, dini mezhepleriň ýurduň asudalygyna zeper ýetirmeginden ätiýaç edilýändigini, bu aladanyň ýerliklidigini, dine aşa erkinlik berilmeginiň yňdarmalyga getirýändigini, eýýäm ýurtda yňdarma dindarlaryň, öz diýenini başganyň boýnuna dakmaga çalyşýan adamlaryň köpelip başlandygyny aýdýanlar hem bar.

Eýsem dini ynanç, din azatlygy meselesinde hökümet bilen halkyň arasyndaky altyn ortalyk nirede bolmaly? Bu meselede näme edilende hem halka, hem hökümete bähbitli bolar?

Umuman, Türkmenistanda din we dini azatlyk, adamlaryň öz uýýan dinine erkin uýmak ýa-da hiç bir dine uýmazlyk mümkinçiligi nähili we bu ugurda nähili çözülmeli meseleler bar?

Azatlyk Radiosynyň nobatdaky “Tegelek stol” gepleşigini şu meselä bagyşlaýarys.
Eger bu ugurda pikirleriňiz, bellikleriňiz, arzuw-islegleriňiz bolsa, Azatlyk Radiosynyň internet sahypasynda aýdyp, bir-birek bilen paýlaşyp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG