Sepleriň elýeterliligi

Birmada hususy gazetler çykýar


Birmada 50 ýyl töweregi wagtdan soň hususy eýeçilikdäki gazetler çykarylyp başlandy. Duşenbe güni çap edilen neşirleriň arasynda “Ses”, “Bileleşik” we “Standart” atly gazetler dagy bar.

Prezident Thein Seiniň alyp barýan demokratik reformalarynyň çäginde, ýurtdaky media goýulýan senzura hem gowşadyldy. 2011-nji ýylda bu wezipä saýlanan Seini, ozalky harby hökümetiň düzüminde premýer-ministr bolup işläpdi.

Geçen aý Birmanyň hökümeti 16 media toparyna gazetleri çap etmäge rugsat beripdi.

1964-nji ýylda Birmada harbylar hususy eýeçilikdäki neşirleri öz gözegçiligine geçirip, ýurtda döwlet habar serişdeleriniň monopoliýasyny girizipdi.
XS
SM
MD
LG