Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Partlamada ýedi adam öldi


Yragyň Tikrit şäherinde janyndan geçen söweşijiniň polisiýa edarasyna eden hüjüminde azyndan ýedi adam öldi, başga-da 14-e golaýy ýaralandy. Bu barada ýerli resmiler habar berýär.

Maglumata görä, içi partlaýjy serişdeli ulag duşenbe güni irden partladylypdyr. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Emma şular ýaly hüjümler öňler “Al-Kaýda” bilen ilteşikli topar tarapyndan amala aşyrylypdy.

Sünni söweşijileri köplenç şaýy musulmanlaryny ýa-da ýurduň şaýy hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýänleri nyşana alýar.
XS
SM
MD
LG