Sepleriň elýeterliligi

Russiýada harby çagyryş başlandy


Duşenbe güni Russiýada nobatdaky harby gulluga çagyryş kampaniýasy başlandy.

Goranmak ministrligiň sözçüsi general-polkownik Wasiliý Smirnowyň žurnalistlere beren maglumatyna görä, 1-nji aprel-15-nji iýun aralygynda 153 müň 200 adamy harby gulluga almak göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de Smirnowyň sözlerine görä, şertnamalaýyn esasda gulluk edýänleriň sanyny 241 müňe çenli artdyrmak planlaşdyrylýar.

Harby prokuror Aleksandr Nikitiniň berýän maglumatyna görä, hökmany harby gullukdan boýun gaçyrýandygy üçin, Russiýada her ýyl 600-den 1000-e çenli adama jenaýat işi kesilýär. 2012-nji ýylda bu san 477-ä deň bolupdy.
XS
SM
MD
LG