Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mandelanyň saglyk ýagdaýy “gowulaşdy”


Günorta Afrikanyň ozalky prezidenti Nelson Mandelanyň saglyk ýagdaýy gowulaşypdyr. Bu barada keselhana işgärleri maglumat berýär. 94 ýaşly Mandela dört gün bäri keselhanada pnewmaniýadan bejergi alýar.

Prezident Ýakob Zumanyň edarasynyň ýekşenbe güni ýaýradan beýanatyna görä, Mandelany bejerýän doktorlar “onuň ýagdaýynyň has-da gowulaşandygyny” aýdypdyrlar.

Ýekşenbe güni Soweto şäherindäki Regina Mundi ybadathanasynda ýüzlerçe adam ýygnanyp, Mandela üçin doga-dileg etdi.

Mandela soňky dört aýyň içinde üçünji gezek keselhana ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG