Sepleriň elýeterliligi

Udalsowyň öý tussaglygy uzaldyldy


Moskwanyň Basmannyý sudy oppozisiýa aktiwisti Sergeý Udalsowyň öý tussaglygyny 6-njy awgusta çenli uzaltdy.

Duşenbe güni sud 2012-nji ýylyň maýynda Moskwanyň Bolotnaýa meýdançasyndaky hökümete garşy protestleri kimiň gurnandygyny anyklamak üçin, has köp wagtyň gerekdigini aýtdy.

Udalsowa we beýleki oppozisiýa aktiwistleri Konstantin Lebedýewe we Leonid Razwozžaýewe bu iş boýunça aýyplama bildirilýär. Olaryň üçüsi hem aýyplamalary iňkär edýär.

Derňewçiler gazaply protestleri planlaşdyrmak üçin, olaryň daşary ýurduň raýatlary bilen “esli duşuşyklary” geçirendiklerini öňe sürýärler.

Udalsow öý tussaglygyna fewral aýynyň başynda höküm edilip, suduň bu karary 6-njy aprele çenli dowam etmelidi.
XS
SM
MD
LG