Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Nurmämmedow: 'Obalarda entek mätäçlik bar'


Oba jaýy.

Oba jaýy.

Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başynda, azat bazar ykdysadyýetine geçilip başlanmagy bilen, ilatyň sosial goraglylygyny sowet döwründäkiden pese gaçyrmazlyk üçin bir topar çäre görüldi.

Bu çäreler ilata gündelik zerur bolan harytlaryň we hyzmatlaryň bir toparynyň mugt ýa ýeňillikli bahadan berilmegini öz içine almak bilen, belli bir döwür adamlara, hususan-da köp çagaly ýa eli ýuka maşgalalara kömek, goldaw boldy.

Emma soňy bilen bu hili kömekler, ýeňillikli bahadan ýa mugt berilýän zatlar azalyp başlady.

Eýsem bu ilatyň indi bazar şertlerinde özüni doly oňaryp, hökümet tarapyndan berilýän sosial goldawa mätäçliginiň aradan aýrylandygyny aňladyp bilermi?

Ýa bolmasa, Türkmenistanda uly ykdysady ösüşleriň amala aşyrylandygynyň aýdylýandygyna garamazdan, heniz hökümetiň döredýän ýeňillikli kömegine mätäç adamlar hem barmy?

Azatlyk Radiosy bu barada Aşgabatda ýaşaýan ýerli synçy, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.
XS
SM
MD
LG