Sepleriň elýeterliligi

Bahar pasly näme üçin gijä galýar?


Minsk şäherinde garly köçeden geçip barýan maşgala 15-nji mart, 2013 ý.

Minsk şäherinde garly köçeden geçip barýan maşgala 15-nji mart, 2013 ý.

Bahar pasly resmi taýdan 20-nji martda başlady, emma Ýer şarynyň demirgazygynyň uly bölegi henizem gara bürenip ýatyr.

Howanyň bu bolşy hakykatdanam geňmi? Bu sowala “hawa” diýip jogap berse bolar. Ýylyň dowamynda howanyň üýtgändigine birnäçe gezek şaýat bolan we aýlyk hakyny howanyň nähili boljakdygyny çaklap, gazanýan meteorologlar hem ýylyň bu wagtynda garyň ýagmagy adaty däl diýip hasaplaýarlar.

Düýbi Londonda ýerleşýän howa maglumatyny anyklamak boýunça iş alyp barýan Meteo Group toparynyň baş meteorology Pol Naýtliniň aýtmagyna görä, Britaniýanyň demirgazygynyň uly bölegi henizem garyň astynda. Beýle ýagdaý 1962-nji ýyldan bäri bolmandyr. Onuň aýtmagyna görä, mart aýynyň soňunda Moskwada we Ukrainada ýagan gar hem garaşylmadyk waka.

"Ýewropanyň töründe, hatda Orsýetiň gündogarynda ýerde ýatan gar gaty galyň, ol käbir ýerlerde mart we aprel aýlaryna çenli galar. Emma, meniň pikirimçe, garyň mart aýynyň dowamynda we apreliň başynda ýagmagy adaty däl" diýip, Pol Naýtli aýdýar.

Bahar möwsüminiň bu ýyl gijä galmagynyň sebäpleri belli däl. Bu ýagynyň günäkäri bolup biläýjek ýekeje zat bar, ol hem howanyň çalt akýan akymy. Adatça, ol Atlantikanyň şemalyny demirgazyk Ýewropa getirýär. Bu ýyl agzalýan howa akymy häzir Ortaýer deňziniň töwereklerinde gezýär.

Güneşiň aktiwligi

Mart aýynda demirgazyk giňişliginde aýlanmaly howa akymy demirgazyk polýusdan gelýän sowuk howanyň we tropiki ýurtlardan gelýän ýyly howanyň çaknyşmagy netijesinde emele gelýär. Emma demirgazyk we tropiki howanyň arasyndaky tapawut az bolan wagtlary bu howa akymy öz güýjüni ýitirýär. Şeýlelikde howanyň bu akymy, edil häzirki wagtda bolşy ýaly, öz ugruny hem ýitirýär.

Klimatologistler we meteorologlar howa akymynyň käwagtlar güýçli we beýleki wagtlar gowşak bolmagynyň sebäplerini öwrenmegi dowam etdirýärler. Emma ekspert Naýtli muňa birnäçe faktoryň sebäp bolup biljekdigini çaklaýar.

"Günüň aktiwligi bilen bagly birnäçe teoriýa bar. Günüň tegmilleri diýip atlandyrylýan zatlar aýrylýança Günüň aktiwligi pes bolar. Bu agzalýan sebäpleriň biri bolup biler. Arktiki regionlaryň howasy klimatyň çalyşmagy bilen maýyllaşýar. Bu hem beýleki bir sebäp bolup biler.

Eger demirgazykdan gelýän howa maýyl bolsa, onuň tropiki regiondan gelýän howa bilen arasyndaky tapawut uly bolmaz. Şeýlelikde akym hem gowşak bolar" diýip, Naýtli düşündirýär.

Klimatyň üýtgemegi we global derejede howanyň maýlamagy - häzirki wagtda howanyň garaşylmadyk ýagdaýda çalşyp durmagyna getirýän sebäp diýlip görkezilýän zatlar.

Her niçigem bolsa, bu zatlar, köpleri gyzyklandyrýan sowala, ýagny bahar pasly gelermi diýen soraga jogap bermeýän bolsa gerek. Naýtliniň aýtmagyna görä, bahar pasly birden gelmez.

"Meteorologiýada adaty kompýuter modelleri howanyň geljek 7-10 günüň dowamynda maýlajakdygyny görkezýärler. Meniň häzirki wagtda synlaýan modellerime laýyklykda, howanyň temperaturasy birden galyp, [ýerde ýatan] garlar [birden] eremez" diýip, Naýtli gürrüň berýär.

Diýmek, aprel aýynyň birinji hepdesine çenli gyş möwsümi dowam eder. Belki, şondan soňra bahar pasly geler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG