Sepleriň elýeterliligi

Nemçinow: Häkimiýetler goşa raýatlygy çözmäge borçly


Türkmen pasporty

Türkmen pasporty

Soňky wagtda türkmenistan-orsýet goşa raýatlygy meselesine üns has güýçlendi. Bu belli bir derejede iýul aýynyň golaýlamagy bilen baglanyşdyrylýar.

2013-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanda türkmen raýatlarynyň köne görnüşli pasportlary ulanyşdan çykarylýar. Bu bolsa bir wagtyň özünde hem Türkmenistanyň hem-de Orsýetiň pasportlaryna eýe bolan adamlaryň özlerinde bar bolan häzirki pasportlaryndan soňra peýdalanyp bilmejegini aňladýar. Goşa raýatlyga eýe bolan türkmenistanlylaryň ençemesi Türkmenistanyň täze görnüşli pasportyny almagyň kyndygyny, käte mümkin däldigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler. Olaryň sözlerine görä, häkimiýetler taze pasport almakçy bolýan “goşa raýatlara”, eger olar orsýet raýatlygyndan el çekmeseler, täze pasport berilmejekdigini aýdýarlar.

Türkmenistan bilen Orsýet arasynda ”goşa raýatlyk” ylalaşygy 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Orsýetiň şol wagtky prezidentleri Saparmyrat Nyýazowyň we Boris Ýeltsiniň arasynda baglaşylypdy. Soňra, 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde, Moskwada S.Nyýazow bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň gol çeken ylalaşygynyň esasynda goşa raýatlyk düzgüni ýatyrylypdy. Şu ýylyň 12-nji aprelinde goşa raýatlyk ylalaşygynyň ýatyrylmagyna on ýyl dolýar. Iki ýurduň pasportyna eýe bolan adamlar goşa raýatlykdan peýdalanmakda şol günden bäri kynçylyk çekip gelýärer.

Goşa raýatlyk problemasy boýunça jemgyýetçilik guramalary hem uzak wagtdan bäri aladalanma bildirip gelýärler. Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda bu problema boýunça diplomatik konsultasiýalaryň geçirilyändigi habar berilýär. Käte bu mesele döwlet baştutanlary derejesinde hem gozgalýar. Emma mesele näme üçindir şonça wagtlap çözülmän galýar. Muňa näme sebäp bolýar?

Azatlyk Radiosy bu problema barada Moskwadaky türkmen diasporasy bilen işleşýän “Ors-türkmen öýi” atly jemgyýetçilik guramasynyň müdiri Wladislaw Nemçinow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda adam hukuklaryny goraýjy käbir guramalar Orsýetiň ýolbaşçylaryna ýüz tutup, goşa raýatlyk problemasy boýunça ýörite duşuşyk geçirmegi teklip etdiler. “Ors-türkmen öýi” şeýle gepleşik geçirmegiň ugrunda orsýet hökümeti bilen gepleşik alyp barypdy. Bu tagallalaryňyz nähili netije berdi?

Wladislaw Nemçinow: Bu tema eýýäm soňky on ýyl bäri, ýagny ors-türkmen goşa raýatlygy ylalaşygy ýatyrylaly bäri gozgalyp gelinýär. Soňky ýylyň dowamynda bu temanyň daşyndaky aladalanmalar, dogrudanam, güyçlendi. Sebäbi adamlaryň özlerindäki pasportlara näme bolar diýen sowala jogap tapmaklary üçin az wagt galdy. Türkmenistanyň raýatlary mundan beýläk diňe bir pasportly bolmaly boljaga meňzeýär. Iýul aýyndan soň ýurduň daşyna nädip çykmaly diýen sowal häzir köpleri alada goýýar, hususan-da Orsýete çykmak üçin wiza almaly boljagy zerarly köpler öňünden aladalanýarlar.

Biziň jemgyýetçilik guramamyz, belli bir derejede, adam hukuklary meselesi boýunça hem iş alyp barýar. Biz Orsýetde ýaşaýan türkmen diaporasy we Türkmenistanda ýaşaýan orsýet raýatlary bilen işleşýäris. Biz goşa raýatlyk meselesiniň agyryly meseledigini göryäris we şonuň üçin Orsýetiň häkimiýetleriniň ünsüni çekmäge çalyşýarys. Türkmen häkimiýetleri barada aýdylanda olar bize üns bermeyärler.

Şu günki güne çenli Kremliň we Daşary işler ministrliginiň goşa raýatlyk temasyna öz kabinetlerinde ýapyk gapylaryň aňyrsynda garaýan bolmaklary mümkin, emma olar aýrybaşga syýasatçylar we adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan gozgalýan problemalara açyk gyzyklanma bildirmän gelýärler.

Azatlyk Radiosy: Käbir maglumatlarda Orsýetiň hökümetine goşa raýatlygy bar bolan adamlar tarapyndan kömek soralyp, köp ýüz tutulýandygy habar berilyär. Meselä düýpli çemeleşmek çagyryşy bilen jemgyýetçilik guramalary hem çykyş edýärler. Muňa garamazdan, meselä döwlet derejesinde giňişleýin seredilmeýändigine näme sebäp bolup biler diýip pikir edýärsiňiz?

Wladislaw Nemçinow: Döwlet strukturalaryndan goşa raýatlyk meselesi boýunça maglumat berilmeýär diýen ýaly. Komissiýalar, konsultasion toparlar derejesinde käbir maslahatlaryň geçirilýändigi barada habar gelip gowuşýar. Emma bu meseläniň çözgüdi ugrunda nämeleriň edilýändigini anyk aýtmak kyn.

Islendik döwlet goşa raýatlyk düzgünini girizmäge-de, yatyrmaga-da ygtyýarlydyr, emma döwlet derejesinde gelnen kararlaryň netijesinde dorän ýagdaýdan çykalga tapmak şu günki gün örän kyn. Häkimiýetler indi isleseler-islemeseler bu problemany çözmäge borçly.

Şu günki gün Türkmenistanda köp sanly orsýet raýatlary ýaşaýar. Käbirleri bu mesele tiz wagtda çözülmese, köne türkmen pasportynyň möhleti dolansoň, türkmenistanly orsýet raýatlarynyň uly toparynyň Orsýete göçüp geljegini çak edýärler. Emma, meniň pikirimçe, bu beýle bolmaz, sebäbi köp adam Türkmenistanda öz öýlerini taşlap gaýtmak islemeýärler, olar Orsýete göçüp gelensoň, bu ýerde maddy taýdan kösenjegini bilýärler. Iş tapmak, jaý almak bilen bagly kynçylyklar köpleri gorkuzýar.

Şonuň üçin mesele çözülmese, bu ilkinji nobatda Türkmenistandan Orsýete gatnaýan ýönekeý adamlaryň gelip-gidişini kynlaşdyrar, olaryň sany azalar. Meniň pikirimçe, edil häzirki wagtda esasy mesele – türkmen-orsýet raýatlaryna iki döwletiň bilelikde döreden kynçylyklaryndan baş alyp çykmaga ýardam bermekdir.

Azatlyk Radiosy: Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda goşa raýatlygy ýatyrmak barada ylalaşyga gol çekilenine on ýyl geçdi. Orsýetiň diplomatlary bu ugurdan türkmen tarapy bilen yzygiderli gepleşikleriň geçirilýändigini aýdýan hem bolsalar, meseläniň çözgüdi ugrunda öňegidişlik göze ilmeýär. Ýagdaý, dogrudanam, çykgynsyzmyka?

Wladislaw Nemçinow: Meniň pikrimçe, eger häkimiýetler goşa raýatlyk problemasyny jemgyýetçilik bilen maslahat edip başlasalar, çözgüt tiz tapylardy. Çykalgany teklip etjekler-de tapylar. Häkimiýetleriň arasynda on ýyla golaý wagtlap gidýän gepleşikleriň netijesizligi bolsa, olaryň meselä çynlakaý çemeleşmeýändigini ýa-da özara ylalaşyp bilmeýändigini aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, nähili çykalga bar?

Wladislaw Nemçinow: Orän gyzykly mesele, jemgyýetçilik guramalarynyň esasy kynçylygy olaryň döwlet derejesinde geçirilýän gepleşikler barada habarly edilmeýändigi bilen bagly. Emma şonda-da biz öz pirkilerimizi garaýyşlarymyzy mälim edip gelýäris.

Meniň pikirimçe, ýagdaý petige direlen bolsa-da, käbir çäreleri görüp bolardy. Türkmenistandaky orsýetlileriň ählisiniň oturan ýerlerinden birden galkyp, Orsýete göçüp gelmejegi düşnükli. Şu nukdaýnazardan Orsýetiň hökümeti Türkmenistandaky öz raýatlaryna ýörite resmi kepilnama berip bilerdi. Yagny, Türkmenistanda ýaşaýan orsýet raýatlaryna islendik wagtda Orsýete [göçüp] gelmäge rugsat beriljegine kepil geçyän resmi dokument berlip bilnerdi. Şeýle ýagdaýda adamlary aýlap, ýyllap garaşyp, wagt yitirmäge mejbur edýän häzirki kynçylyklar-da aradan aýrylardy.

Goşa raýatlyk bilen bagly ýüze çykýan kynçylyklary döwletler döretdi, olar meseläni şu çaka çenli çözüp bilmeýän bolsalar, bu ýönekeý raýatlaryň günäsi däl, olar ejir hem çekmeli däl. Şonuň üçin döwletler, ilkinji nobatda-da öz raýatlygyny beren Orsýet döwleti agyr ýagdaýa düşen öz raýatlarynyň bähbitleri ugrunda çäre görsün. Meselem, häzir Orsýetiň Daşary işler ministrligi Türkmenistanda orsýet raýatlygyna eýe bolan adamlara olaryň täze türkmen pasportlaryna möhletsiz wiza goýmak mümkinçiligini içgin öwrenip bilerdi. Şeýle çäreler Orsýetiň prezidenti tarapyndan kepillendirilmeli, sebäbi döwletler öz döreden kynçylyklarynyň jogapkärçiligini-de çekmeli.

Azatlyk Radiosy: Goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň esasy kynçylyklary nämeden ybarat?

Wladislaw Nemçinow: Esasy kynçylyk adamlaryň serhetden geçmegine degişli. Üstesine, şeýle raýatlar Türkmenistandan gaýdanlarynda serhetde çakdanaşa barlanyp, kemsidilýändigi barada gürrüň berýärler. Emma bellemeli bir zat, Türkmen serhedinde güýçli barlaglara diňe goşa raýatlar däl, eýse diňe Türkmenistanyň raýatlarynyň-da sezewar edilýändigi barada maglumat bar.

Azatlyk Radiosy: Orsýetde ýaşaýan türkmenler barada aýdylanda, olaryň bu ýurtda nähili kynçylyklary bar?

Wladislaw Nemçinow: Türkmen häkimiýetleri orsýetdäki türkmen diasporasy bilen işleşmekde ýeterlik derejede aktiwlik görkezmeýär, olar öz diasporasy bilen işleşmeýär diýse-de bolar. Olar ”Dünýä türkmenleriniň gumanitar assosiasiýasy” diýen gurama arkaly işleşýändigini aýdýarlar, emma bize ýüzlenýän adamalaryň şikaýatlaryndan çen tutsak, iş ýüzünde türkmen häkimiýetleri orsýetdäki öz raýatlaryna ýeterlik goldaw bermeýärler. Türkmen tarapynyň, ilkinji nobatda-da Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň we “Dünýä türkmenleriniň gumanitar guramasynyň” Orsýetde ýaşaýan türkmenleriň bähbitleri ugrunda hereket etmäge ýa-da Orsýetde hereket edýän türkmen jemgyýetçilik guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bidlirmeýändiklerini men tassyklap biljek.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ýaşaýan orsýet raýatlary, ors dilli raýatlar we etnik orslar nahili problemalar bilen ýübe-ýüz bolýarlar?

Wladislaw Nemçinow: Gowy ýaşaýanlaryň-da, kynçylyk çekýänleriň-de bardygyny eşidýäris. Käbirleri diňe bir orslaryň däl-de, eýsem başga milli azlyklaryň wekilleriniň-de kemsidilýändigi barada gürrüň berýärler. Problemalar sosial kynçylyklara-da, adam hukuklarynyň depelenmegine-de degişli. Meniň pikirimçe, Türkmenistanda adamlaryň azatlyklaryna basyş edilmegi köp problemalaryň döremegine sebäp bolýar.

Azatlyk Radiosy: Sizde türkmen-orsýet goşa raýatlygyna eýe bolan adamlaryň jemi sany barada maglumat barmy?

Wladislaw Nemçinow: Bu barada takyk maglumatlaryň diplomatik gulluklarda bar bolmagy mümkin. Elýeterli çeşmelerde bolsa durli sanlar berilýär. Umuman, goşa raýatlygy alan adamlaryň sanynyň 70 müňden 200 müň aralygyndadygy çak edilýär. Emma elýeterli statistiki maglumatlar gitdigiçe könelişýär. Meselem, diňe Moskwanyň özüni alyp görsek, bu ýerde iki yarym müňe golaý türkmenleriň ýaşaýandygy barada maglumata duş gelmek mümkin. Emma hakykatdan bu sanyň häzirki wagtda 30 muňden gowrakdygyny çak etmäge esas bar. Ýöne [bizde] şeýle sanlary has anyklaşdyrmak mümkinçiligi ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG