Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Şatto hasabatyny derňeýär


Maks Şatto

Maks Şatto

Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasy Azatlyk Radiosyna ors ekspertleriniň häzir Maks Şattonyň, dogandaky ady Maksim Kuzmin, jeset hasabatyny "derňeýändiklerini" aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti duşenbe güni irden bu hasabatyň bir nusgasynyň ors resmilerine berlendigini aýtdy.

Orsýetden perzentlige alnan üç ýaşly Şattonyň ýanwar aýynda aradan çykmagy halkara gapma-garşylyk döretdi.

Ors resmileri ony ogullyga alan ene Laura Şattony “ganhorlukda” aýypladylar.
Amerikaly şaýatlaryň görkezmeleri esasynda taýýarlanan hasabatda bu betbagtçylygyň “tötänlikde”, çaganyň özüne düşüren ýaralary sebäpli bolandygy aýdylýar.

Amerikan häkimiýetleri bu iş sebäpli çagany perzentlige alan ene-ata garşy jenaýat işini açmajagyny aýtdy, Moskwa bu karary tankyt etdi.

Orsýet amerikan derňewini kemter hasaplady we çaganyň jeset hasabatynyň özüne berilmegini talap etdi.
XS
SM
MD
LG