Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Apple” hytaýça ötünç soraýar


Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Apple” elektronika läheňi Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki mediasynyň tankydy hüjüminden soň ötünçnama çap etdi.

Hytaý mediasy ony “gedemsilikde”, müşderilere ýaramaz hyzmat etmekde, yzyna eltilen harytlary kabul ediş syýasatynyň gowşaklygynda günäledi.

“Apple” kommapniýasynyň ýerine ýetirji direktory Tim Kukuň hytaý dilindäki ötünçnamasy sişenbe güni çap edildi.

Onda aragatnaşygyň gowy ýola goýulmazlygy sebäpli “Apple” öz müşderilerine ýeterlik üns bermeýär diýen pikiriň dörändigi aýdylýar.

Şeýle-de Kuk kompaniýanyň käbir kepillik syýasatlaryna gaýtadan seretjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG