Sepleriň elýeterliligi

Hamaz Mişaly gaýtadan saýlady


Haled Mişal

Haled Mişal

Resmileriň aýtmagyna görä, Hamaz jeňçi-syýasy hereketi duşenbe güni Haled Mişaly öz liderligine gaýtadan saýlady.

56 ýaşly lider Hamaza 1996-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär we oňa garşy çykan bolmady diýip, resmiler aýtdylar.

Ol geçen ýyl ýene bir dört ýyl möhlet liderlik üçin bäsleşige çykmajagyny aýdypdy.

Mişal Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň ýolbaşçylygyndaky Fatah fraksiýasy bilen ýaraşyk tagallarynda esasy rol oýnan adam hasaplanýar.

Mişal bir ýyldan gowraga çeken, Hamazyň Gazadaky, Günbatar kenardaky, sürgündäki we Ysraýyl tarapyndan türmä basylan wekilleri tarapyndan, gizlin ses beriş prosesi arkaly saýlandy.
XS
SM
MD
LG