Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Taryhy klisä zeper ýetdi


Siriýa resmileri, töwereginde barýan çaknyşyklar zerarly, Damaskdaky taryhy ýewreý klisesine top okundan zeper ýetendigini we onuň talanandygyny aýdýarlar.

Jobar klisesi iki müň ýyl çemesi ozal, injil pygamberi Ilýanyň hormatyna gurlan we dünýädäki iň gadymy ybadathanalaryň biri hasaplanýar.

Siriýa hökümetiniň gadymy miraslara gözegçilik edýän bölüminiň başlygy Mamoun Abdulkarim duşenbe güni klisä uly zyýan ýetmändigini aýtdy.

Ol häkimiýetler talaňçylar altyn haçlaryň we lýustralaryň aglabasyny ogurlandyr öýdýär, emma gadymy golýazmalar Damaskyň içindäki başga bir gadymy klisä göçürildi diýdi.
XS
SM
MD
LG