Sepleriň elýeterliligi

Ýarag söwdasy düzgünleşdirilýär


BMG-niň Baş Assambleýasynyň sişenbe güni halkara ýarag söwdasyny düzgünleşdirýän ilkinji şertnamany sese goýmagyna garaşylýar.

Bu kararyň guramanyň 193 agzasy tarapyndan goldanylmagy gerek.

Bu ses berişlik geçen hepde Eýran, Demirgazyk Koreýa we Siriýa bileleşip, ylalaşygyň kabul edilmegine garşy duranlaryndan soň geçirilýär.

Aktiwistleriň we hökümetleriň ýarag söwdasyny düzgünleşirmek we satylýan ýaraglaryň terrrorçylaryň, pitneçileriň we jenaýatçylaryň eline düşmeginiň öňüni almak ugrunda edýän tagallasy netijesinde, bu şertnama on ýyldan gowrak wagt bäri taýýarlanýar.
XS
SM
MD
LG