Sepleriň elýeterliligi

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi” dowam edýär


Ýurtda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi” diýilýän çäreler dowam edýär. Türkmenistanyň döwlete degişli habar serişdelerinde: gazetlerde bu çäreler barada wagyz-propaganda äheňli makalalar çap edilýär we radionyň telewideniýäniň ähli kanallarynda diýen ýaly gepleşikler köpçülige hödürlenýär.

Resmi maglumatlara görä, bu hepdeligiň çäginde, 1-7-nji aprel aralygynda, ýurt boýunça jemi 25 sany dürli derejedäki sport we bedenterbiýe çäreleri geçiriler.

Hepdeligiň çäginde stoluň üstünde oýnalýan tennis, woleýbol, dzýudo, karate, suwda ýüzmek, ýeňil atletika, hokkeý boýunça ýaryşlar geçiriler hem-de buzda figuralaýyn typmak boýunça çykyşlar bolar.

Bedenterbiýe maşklary

Bu sport çärelerine diňe bir ýurduň sportsmenleri gatnaşman, eýse döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, mekdep okuwçylary hem gatnaşdyrylýar. Olaryň öz işleýän we okaýan ýerlerinde bedenterbiýe maşklary hem geçirilýär.

"Altyn Asyr" telekanalynyň "Watan" habarlar programmasynda bu barada maglumatlar berilýär. Habarlarda görkezilşine görä, bu çärelere gatnaşýan müňlerçe ýaşuly, ýaşkiçi ýörite sport formasyny geýip, çykyş edýärler.

Şeýle çäre geçen ýyl hem geçirilipdi. Çärelere gatnaşýan käbir raýatlaryň aýtmaklaryna görä, olar bu çäreler üçin täze sport formasyny satyn almaly bolupdyrlar.

“Meniň özümde geçen ýylky sport hepdeliginden galan sport egin-eşigim bar. Ýöne, edaramyzda kimde şol egin-eşik ýok bolsa, olar hökman satyn almaly. Hytaýda öndürilen sport egin-eşiginiň bahasy 100 manat” diýip, paýtagtly lukman Annaoraz Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

"Göz üçin"

Bedenterbiýe maşklarynyň adamlaryň saglygy üçin edilýändigine garamazdan, onuň käbir edaralarda diňe göz üçin geçirilýän çäredigini aýdýanlar hem bar. 37 ýaşly lukman Annaoraz hem şeýle pikirdäkileriň biri.

“Telewideniýä ýazga etmek üçin birnäçe gezek bedenterbiýe maşklaryny etmeli boldy. Ilki, telewideniýe gelýänçä, bir sagat garaşdyk. Soň ýazgy tamamlanýança, ýene-de 1-2 sagat wagtymyzy ýitirdik” diýip, aşgabatly lukman Annaoraz Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Resmi metbugatda berilýän maglumatlara görä, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi” diýlip atlandyrylýan bu çäreleriň dowamynda ýokary okuw jaýlarynyň, ministrlikleriň, pudak edara-kärhanalaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bütin ýylyň dowamynda geçirilýän “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly 4-nji milli spartakiadanyň ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasy hem bolup geçer.

Ýurtda ikinji gezek geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi” 7-nji aprelde tamamlanar. Şol gün Giňdiwar dagynyň “Saglyk ýolunda” hem-de “Aşgabat” stadionynda köpçülikleýin sport baýramçylyk çäreleriniň guraljakdygy barada resmi metbugatda habar berilýär.

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň bu jemleýji çärelerine ýurt baştutanynyň gatnaşmagyna hem garaşylýar. Häzirlikçe bolsa Giňdiwar dagyndaky Saglyk ýoly ýapyk. Onda eýýäm birnäçe günden bäri bejergi işleri alnyp barylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG