Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň gyzy ministri tankytlaýar


Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Twitterde ýene ýurduň premýer mnistriniň orunbasaryna hüjüm etdi.

Gülnara Karimowa öz sosial media ulgamy sahypasynda Rustam Azimowyň dört milliard dollarynyň bardygyny öňe sürdi we bu pullaryň bikanun gazanylandygyny ýaňzytdy.

Şeýle-de ol beýleki Twitter ulanyjalaryň “Azimow pul ogurlamagyň ýeser shemalaryny işläp düzen kezzap” diýen sözlerini gaýtadan twit etdi.

Geçen aýyň başynda ol Twitterde Azimowy Özbegistandaky jemgyýetçilik tenderlerinde galplyk etmekde aýyplapdy.

55 ýaşly Azimow 2008-nji ýyldan bäri premýer ministriň orunbasary bolup işleýär. Köpler onuň 75 ýaşly prezident Yslam Karimowyň ornuna geçjegini çaklaýar.

Ozalky diplomat we işewür aýal Karimowa hem öz kakasynyň ornuny alar öýdülýär.
XS
SM
MD
LG