Sepleriň elýeterliligi

Ýarag söwdasyny düzgünleşdirýän şertnama kabul edildi


BMG-niň Baş Assambleýasy. 2-nji aprel, 2013 ý.

BMG-niň Baş Assambleýasy. 2-nji aprel, 2013 ý.

BMG-niň Baş Assambleýasy halkara ýarag söwdasyny düzgünleşdirýän ilkinji şertnamany sese goýup, ony oňlady.

Sişenbe güni geçirilen ses berişlikde 193 agzanyň 154-isi şertnamany goldap, ses berdi. Dürli düzgünlere esaslanyp, geçen hepde hem ylalaşygyň kabul edilmegini oňlamadyk üç döwet – Siriýa, Demirgazyk Koreýa we Eýran – sişenbe güni geçirilen ses berişlikde ýene-de şertnama garşy çykyp, oňa garşy ses berdiler.

23 döwlet ses bermekden saklandy, olaryň arasynda Russiýa hem bar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri şertnamanyň kabul edilmegini gutlap ýaýradan beýanatynda “munuň dünýädäki howpsuzlygy güýçlendijekdigini” belledi. Şeýle-de Kerri bu şertnamanyň amerikalylaryň ýarag edinmek baradaky kanuny hakyny çäklendirmeýändigini nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki prezidenti, serbiýaly syýasatçy Wuk Ýeremiç ses berişligiň netijelerinden soň, žurnalistleriň öňünde şeýle çykyş etdi: “Men soňky taslamanyň ygtybarlydygyna we täsirlidigine ynanýaryn. Bu köp babatda hem täzeçillikdir. Muňa görä, ýarag eksport edýän döwletler bu ugur boýunça özleriniň satuwlary barada hasabat bermeli bolarlar”.

Şertnamada döwletleriň içki ýarag syýasaty düzgünleşdirilmän, onda ýurtlaryň halkara ýarag söwdasy boýunça gatnaşyklaryny kadalaşdyrjak kanunçylygy işläp düzmek göz öňünde tutulýar.

Russiýanyň pozisiýasy

Ses berişligiň öňüsyrasynda Russiýanyň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin çykyş edip, Moskwanyň bu şertnama näme sebäpden garşy çykýandygyny düşündirdi. Çurkin: “Köp döwletleriň eden çagyryşlaryna garamazdan, taslama hökümete degişli däl, ygtyýarlylygy bolmadyk toparlara ýarag satylmagyny kadalaşdyrýan düzgünler girizilmedi. Bu wajyp sistematiki boşluk halkara ýarag söwdasyny düzgünleşdirýän şertnamanyň netijeliligine özüniň ikuçsuz täsirini ýetirer”.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Century Foundation” ylmy-barlag merkeziniň BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklar boýunça eksperti Jeffreý Laurentiniň sözlerine görä, agza döwletler şertnamany tassyklansoň, ol ýokary derejedäki ölçegleri kesgitlär.

Laurenti: “Bu şertnama esasynda iň azyndan ABŞ-nyň halkara derejesindäki ýarag söwdasyna golaý çäkler kesgitlener. Agza döwletler tassyklansoňlar, bu geljekki onýyllyklaryň dowamynda möhüm häsiýete eýe bolar. Hökümetler has berk gözegçilik düzgünlerini girizmeli bolarlar. Sebäbi ýarag satýanlaryň [başky] niýetlerine garamazdan, konfliktleriň köpüsinde ýaraglar ýaýradylyp gelindi. Täze düzgünleriň netijesinde ýaşryn ýarag söwdasyny edýänleriň hereketlerini çäklendirip, gazaply konfliktleriň köpüsiniň öňüni alyp bolar”.

Şertnamany işläp düzmek üçin on ýyldan hem aşa wagt gerek boldy. Aktiwsitler we hökümetler ýaraglaryň terroristleriň, söweşijileriň we jenaýatçylaryň eline düşmeginiň öňüni almak üçin, ýarag söwdasyny kadalaşdyrjak ylalaşygyň kabul edilmegini tizleşdirmek maksady bilen, degişli toparlara we guramalara basyş edipdiler.
XS
SM
MD
LG