Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oş: Özbek redaktory öý tussaglygynda


Çarşenbe güni Gyrgyzystanda özbek dilinde çap edilýän “Uş sadosi” gazetiniň baş redaktory Muhammedsoli Ismailow öý tussaglygyna alyndy.

Gyrgyzystanyň kanun goraýjy organlary Ismailowa we Oş oblastynyň ýene iki sany ýaşaýjysyna üç ýyl mundan ozal özbek-gyrgyz etniki çaknyşyklarynda bir ýerli raýatyň ýitirim bolmagynda aýyplama bildirýärler.

Maglumata görä, Oş şäheriniň sudunyň karary bilen Muhammedsoli Ismailow sud prosesi başlanýança ýakyn iki aýyň dowamynda öý tussaglygynda galar, aýyplanýanlardan beýleki ikisi bolsa tussag izolýatorynda saklanarlar.

2010-njy ýylyň tomsunda Gyrgyzystanyň günorta regionynda ýüze çykan etniki çaknyşyklarda 400-den gowrak adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG