Sepleriň elýeterliligi

Seul harby hereketi aradan aýyrmaýar


Çarşenbe güni Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň abandyrýan howpundan goranmak üçin islendik bir çäräni, şol sanda “harby hereketleri-de” aradan aýyrmaýandygyny mälim etdi.

Bu wakanyň öňýany, çarşenbe güni irden Demirgazyk Koreýa öz serhet ýakasyndaky “Kaesong” senagat parkynyň territoriýasyna günorta koreýaly işgärleri goýbermegini bes etdi.

Şonuň yzýany hem Günorta Koreýanyň goranmak ministri Kim Kwan-jin eden çykyşynda öz ýurdunyň islendik bir garaşylmadyk wakalara jogap bermek üçin ýörite planlary işläp düzendigini belledi.

Geçen hepde Demirgazyk Koreýanyň hökümeti özüniň Günorta Koreýa bilen “uruş ýagdaýyna” geçendigini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG