Sepleriň elýeterliligi

Seul Kesondaky raýatlaryny goramaga taýýar


Keson senagat zonasyndan Günorta Koreýa gaýdan işçi (sagda) žurnalistler bilen gepleşýär, Paju, 3-nji aprel, 2013.

Keson senagat zonasyndan Günorta Koreýa gaýdan işçi (sagda) žurnalistler bilen gepleşýär, Paju, 3-nji aprel, 2013.

Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýa bilen bilelikde dolandyrylýan Keson senagat zonasynda galýan öz raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli mümkinçiliklere, şol sanda “harby hereketlere” garaýandygyny aýtdy.

Günorta Koreýanyň goranmak ministri Kim Kwan-jin Demirgazyk Koreýanyň çarşenbe güni Keson senagat zonasyna girişi ýapansoň, Seulyň ätýaçlyk planyny işläp düzendigini aýtdy.

Senagat zonasynyň ýapylmagy

Günorta Koreýanyň Bileleşme boýunça ministrliginiň metbugat wekili Kim Hýung-seok Demirgazyk Koreýanyň bu kararynyň çarşenbe güni irden yglan edilendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Demirgazyk Koreýa Keson senagat zonasyna girişi ýapýandygyny, şol bir wagtda-da bu zonadan çykmaga rugsat berýändigini yglan edipdir.

“Biziň hökümetimiz Keson senagat zonasyna giriş meselesiniň kadaly däldigine aladalanma bildirýär” diýip, Günorta Koreýanynyň resmisi aýtdy.

800-den gowrak günorta koreýaly Keson senagat zonasynda galýar. Demirgazyk Koreýanyň bu zona girişi ýapýandygy barada eden beýanamasynyň yz ýany bu ýerden Günorta Koreýa diňe sanlyja adam gaýdypdy.

Bileleşme boýunça ministrligiň aýtmagyna görä, günorta koreýalylaryň Kesonda galmagy olaryň öz biznesiniň kadaly işlemegine kepil geçmek islegleri bilen bagly bolmagy mümkin.

Regiondaky dartgynlylyk

Demirgazyk Koreýanyň soňky hereketleri Koreý ýarym adasynda dartgynlylygyň barha güýçlenýän döwrüne gabat geldi. Şu ýylyň fewral aýynda Demirgazyk Koreýa üçünji ýadro synagyny geçirdi. Sişenbe güni bolsa Phenýan Ýongbyon ýadro reaktoryny gaýtadan işletmek planyny yglan etdi.

Sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Wiktoriýa Nuland Phenýanyň edýän çykyşlarynyň kabul ederlikli däldigini aýtdy.

“Ýadro reaktoryny gaýtadan işletmek niýetiniň we ony hakykatdan hem işletmek ukybynyň arasynda uly tapawut bar. Emma olaryň Ýongbyon reaktoryny ulanmak niýetine gaýdyp dolanmaklary uly aladalanma döredýär. Biz bu günki gün olaryň halkara borçlaryndan mundan beýläk ýüz owürmekçidigini görýäris. Bu bolsa Demirgazyk Koreýany ýurdy üzňelikden çykarmaga we halkyň durmuşynyň gowulanmagyna ýakynlaşdyrmaýar” diýip, Döwlet departamentiniň wekili Wiktoriýa Nuland aýtdy.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň Ýuwaş okeanyndaky harby bazalaryna we ýurduň giňişligine hüjüm etmek haýbatyny atdy we Günorta Koreýa bilen “uruş ýagdaýyna” geçýändigini yglan etdi.

ABŞ-nyň Günorta Koreýa bilen her ýyl geçirýän harby türgenleşikleriniň çäginde soňky günlerde amerikan harby uçarlary Günorta Koreýanyň howa giňişliginde ençeme uçuşlary amala aşyrdylar.

Amerikan resmileri regiona iki sany harby gäminiň-de iberilendigini tassykladylar.

Halkara reaksiýasy

Hepdäniň sişenbe güni BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun “krizisiň gaty öte geçendigini” duýdurdy we taraplary sabyrly bolmaga çagyrdy.

Hytaý hem taraplary “sabyrlylyga we saklanmaklyga” çagyrdy. Orsýet bolsa Koreý ýarym adasynda “partlama howply” bir ýagdaýyň döremeginden howatyrlanma bildirdi.
XS
SM
MD
LG