Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG ýarag barada dokument kabul etdi


Sişenbe güni giçlik BMG-niň Baş Assambleýasy halkara ýarag söwdasyny kadalaşdyrmaklyga gönükdirilen ilkinji ylalaşygyň taslamasyny oňlap ses berdi.

Bu baradaky dokumenti Birleşen Milletler Guramasyna agza 193 ýurtdan 154-si goldap ses berdi we ol sesleriň köplügi bilen kabul edildi.

Ýarag söwdasyny kadalaşdyrmak baradaky bu ilkinji halkara dokumentine diňe Eýran, Demirgazyk Koreýa we Siriýa garşy ses berdi. Ses bermekden saklanan galan 23 ýurduň arasynda Orsýet hem bar.

Halkara derejesinde ýarag söwdasyny kadalaşdyryjy şeýle şertnamanyň taýýarlanmagy üçin dünýäniň dürli ýurtlarynyň hökümetleri we ekspertleri on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda iş alyp bardylar.

Onuň maksady ýaraglaryň terrorçylaryň, bikanun söweşijileriň we jenaýatçy toparlaryň eline düşmeginiň öňüni almakdan ybarat.
XS
SM
MD
LG