Sepleriň elýeterliligi

Lawrow Aşgabada sapara barýar


“Interfaks” habar agentligi penşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Türkmenistana sapara barjakdygyny habar berýär.

Maglumata görä, bu saparynyň barşynda Sergeý Lawrow Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurduň daşary işler ministri Raşit Meredow dagylar bilen gepleşik geçirer.

Bu gepleşiklerde Türkmenistan bilen Orsýetiň ykdysady we gumanitar pudaklar boýunça hyzmatdaşlyklaryna degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG