Sepleriň elýeterliligi

"Ömür kelte horlandan ar alara"


Kagyz bilen galam

Kagyz bilen galam

Garantga

Sowulyp möwrüti symgylt iňrigiň,
Öňi uka giden çagy illeriň.
Ekin garawuly bir goja kişi,
Pişesi edinip çyn “syrly” işi,
Sarap, çatyp bir-birine agajy,
Özünden artany, köne-küşüli,
Geýdirdi tap-taýyn garantgasyna,
Buýsanç bilen, emaý bilen ýaşuly.

Dikdi orruk ortarasy mellegiň,
Gullugyň möhleti – eňňerä çenli.
Başlandy ilkinji güni gullugyň.
Goja garantgysyn garawullady,
Garantga ekini garawullady.
Gerk-gäbe gawun iýjek şagallar,
Gorkup, oňa garaý-garaý uwlady.

Gündiz garantgadan heder etmedik,
Guşlar saýasynda saýaladylar.
Garantga eýesniň was-was başyny,
Uzak ýyllar ýel-ýagmyrdan goraglan,
Garantga geýdirlen köne telpege,
Guş-gumrylar gonup, … zaýaladylar.
Görüp göz alnynda bihaýa işi,
Başyndan jüp aýlap, atyp sapany,
Garantga eýesi daşlady guşy.
Günortan ukusyn alýan mahaly,
Çagalaryň eli kesek tutany,
Daşlady garantgaň gaba başyny,
Agaç el-aýagyn, agaç döşüni.
Ukusy bozuldy, sögündi biçak,
Käýäp kowalady “bezzat goşuny”.

Mähnet dünýäň bir içgysgynç çetinde,
Garantgysy bilen höwrükdi goja.
Gündiz goraglady ýalňyz hemdemin.
Iňrik garalanda, gelende gije,
Garantga ekini garawullady.
Garantgaň başyny yrady şemal,
Garantgaň golunda galgap şuwlady.
Gündiz adamlardan gorkýan şagal,
Gije garantgydan gorkup uwlady.
Goja garantgysyn garawullady…

Gürji

Ol gün gije ýary gelýärdim tenha,
Bir gürji topuldy çasly “jöw-jöwläp”.
Men yza dolandym, daşlaşdym kem-kem,
Gürji üýren ýerden ökje ogurlap.

Sebäp gürji üýrse eýmenýän juda,
Men söýemok bu it sypat bitleri.
Gürjüň özünden däl, sesinden gorkýan,
Gürjüler oýarýar läheň itleri.

Özüme öwüt

Meni entetdiler, kän kemsitdiler,
It alan sanaja döndüm set sapar.
Suw içdim men itiň art aýagyndan,
Gülüşip diýdiler:
– It iti tapar.

Meni kän ýykdylar,
Zol-zol depdiler,
Ýandaklyga girdim urgudan gaça.
Düýe ýandak iýdi, men gülün iýdim,
Diýdiler:
– Çoçany tapdy ol çoça.

Meniň tenim dilim-dilim etdiler,
Ganymy tasadyp gaçdym dag taýa.
Girdim bir gowaga, yzdan diýdiler:
– Ýylan, gutly bolsun narpyz hemsaýa!

Meni it ýarmady, düýe depmedi,
Ýylan melhem berdi zähere derek.
…Ömür kelte horlandan ar alara,
Meger, olar bilen ýaraşmak gerek.
XS
SM
MD
LG