Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan çozuşa taýýardyny duýdurýar


Demirgazyk koreýaly esgerler
Demirgazyk koreýaly esgerler
Demirgazyk Koreýanyň goşuny Waşingtona öz harbylaryna, ýadro ýaraglaryny ulanmak ähtimallygy bilen, “rehimsiz hüjüme” başlamak ygtyýarlygynyň berlendigini duýdurdy.

Penşenbe güni irden berlen duýduryş Phenýanyň Birleşen Ştatlara we Günorta Koreýa atan tapgyrlaýyn haýbatlarynyň iň täzesidir.

Koreýanyň Merkezi habar gullugy ady aýdylmadyk harby sözçiniň beýanatyna salgylanyp, goşuna Birleşen Ştatlaryň agressiýasyna "kuwwatly, praktiki harby gaýtawul bermek" esasynda garşy durmak buýrugynyň berlendigini aýtdy.

Resmi habar

"Biz Ak tama we Pentagona resmi habar berýäris, Birleşen Ştatlaryň Demirgazyk Koreýa garşy barha güýçlenýän duşmançylygy we onuň oýlanyşyksyz ýadro howpy ähli işçi-gullukçylaryň we halkyň berk erki hem-de iň kämil derejedäki kiçi, ýeňil we dürüleşdirilen ýadro zarbasy bilen derbi-dagyn ediler. Çünki Demirgazyk Koreýanyň we onuň rewolýusion ýaragly güýçleriniň bu ugurdaky rehimsiz operasiýasy gutarnykly barlanyldy we tassyklanyldy" diýip, Demirgazyk Koreýanyň diktory aýtdy.

Bu duýduryş Pentagon, özüniň sebitdäki goranyş ukybyny berkitmek üçin, Birleşen Ştatlaryň Ýuwaş okeandaky Guam territoriýasynda raketa gorag sistemasyny ýerleşdirjegini aýdanyndan soň edildi.

Günorta Koreýanyň goranmak ministri penşenbe güni Demirgazyk Koreýanyň “esli aralyga ýetýän” raketany gündogar kenara geçirendigini aýtdy. Emma Kim Kwan-jin munuň Birleşen Ştatlara baryp ýetjek raketadygy barada aýdylýanlary ret etdi.

Taýýarlyk ýokary derejede

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi Wi Ýoň-sab ýurduň harbylarynyň bu howp-hatarlara garşy durmaga taýýardygyny aýtdy:

"Biziň ýaraglarymyz taýýar. Demirgazyk Koreýanyň şu günki beýanatyna laýyklykda, biziň harby taýýarlygymyz eýýäm ýokary derejä ýetirildi we biz mümkin bolan islendik krizise hötde gelmäge taýyn."

Ýapon hökümetiniň sözçüsi Ýoşihide Suga penşenbe güni Phenýanyň öjükdiriji ritorikasy Tokiony gorkuzyp bilmez diýdi.

"Biziň hökümetimiz Demirgazyk Koreýadan çykýan her bir prowakasion beýanat üçin biynjalyk bolmaly diýip pikir etmeýär. Biz degişli döwletler bilen BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň dürli rezolýusiýalaryny kabul etmegiň pikirini edýäris. Şeýle-de biz Demirgazyk Koreýanyň bu prowakasion beýanatlaryň öz halkynyň peýdasyna däldigine düşünmegine berk çagyryş edýäris."

Pentagon haýbata çynlakaý garaýar

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Çak Heýgel çarşenbe güni Waşingtonyň Demirgazyk Koreýanyň haýbatlaryna çynlakaý garaýandygyny aýtdy.

"Olaryň indi ýadro ýaragyny ulanmak mümkinçiligi bar. Olaryň indi şol ýadro ýaragyny gerek ýerine eltjek raketa mümkinçiligi bar. Onsoň olar özleriniň uruşparaz, howply ritorikalaryny güýçlendirdiler we olaryň soňky birnäçe hepdede eden hereketleri hakyky we açyk howp bolup durýar. Onsoň bu ýagdaý biziň ýaranlarmyzyň, Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň bähbitlerine wehim salýar. Şeýle-de demirgazyk koreýalylar Birleşen Ştatlara hem gös-göni haýbat atdylar" diýip, Heýgel aýtdy.

Synçylar Demirgazyk Koreýanyň Birleşen Ştatlaryň territoriýasyna zarba urmak mümkinçiliginiň ýokdugyny, emma Günorta Koreýadaky ýa-da Ýaponiýadaky amerikan goşunlaryny nyşana alyp biljegini aýdýarlar.

Kaesoňy ýapmak haýbaty

Demirgazyk Koreýa penşenbe güni günorta koreýalylaryň serhetdäki bilelikde işledilýän senagat kärhanasyna işe gelmkleriniň hem tapgyr ikinji gün öňüni bekledi.

Kaýesoň kompleksi garyp düşen režimiň nagt pul getirýän ýeke-täk çeşmesidi, ol bu ýerden ýylda 80 million dollar girdeji alýardy.

Demirgazyk Koreýa penşenbe güni, eger Günorta Koreýanyň hökümeti Phenýanyň “konfrontasiýa ýollary” diýip atlandyrýanyny dowam etdirse, Kaýesoň senagat zonasyny ýapjagy baradaky haýbatyny ýene bir gezek gaýtalady.

Phenýanyň fewralda üçünji ýadro synagyny geçirmegi bireýýäm izolýasiýa salnan režime garşy halkara sanksiýalarynyň berkidilmegine getirdi we bu dartgynlyklar şondan bäri ýokarlanýar.
XS
SM
MD
LG