Sepleriň elýeterliligi

Parlament köplügi oppozisiýasyz sessiýa geçirýär


Oppozisiýa we köplük deputatlary parlamantde ors dilinde gürlemelimi ýa ukrain dilinde diýip dawalaşýarlar. Kiýew, 19-njy mart, 2013 ý.

Oppozisiýa we köplük deputatlary parlamantde ors dilinde gürlemelimi ýa ukrain dilinde diýip dawalaşýarlar. Kiýew, 19-njy mart, 2013 ý.

Ukrainanyň dolandyryjy “Regionlar” partiýasyna we Kommunistik partiýa wekilçilik edýän deputatlary oppozisiýasyz parlament sessiýasyna ýygnandylar.

Parlament köplügini düzýän deputatlar penşenbe günündäki sessiýa adaty ýerinde däl-de, parlament binasynyň golaýyndaky başga bir zalda başladylar. Oppozision fraksiýalar soňky aýlarda ençeme gezek mejlisiň münberini eýeläp, parlamentiň işini togtadypdylar.

Münber protestiniň arkasynda Ukrainanyň professional boksçy Witaliý Kliçko tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Reformalar üçin demokratiki ýaranlygynyň (UDAR) we “Batkiwşina" hem “Swoboda” partiýalarynyň agzalary durýar.

Oppozisiýanyň talaplary

“Batkiwşina” partiýasynyň lideri Arseniý Ýatsenýuk penşenbe güni oppozision deputatlaryň Kiýewde geçirilmeli häkim saýlawynyň iýula geçirilmegini, pensiýa reformasy programmasynyň goýbolsun edilmegini hem-de hökümetiň iş başyndan çekilmegini talap edýändigini aýtdy.

Parlamentiň spikeri Wolodimir Ribak parlament köplüginiň oppozisiýasyz sessiýasyna jemi 244 deputatyň toplanandygyny aýtmak bilen başlady. Parlament sessiýasynyň kanuny esasda geçirilmegi üçin bolsa 226 deputatyň sessiýa gatnaşmagy geýerk.

“Regionlar” partiýasynyň parlament lideri Oleksandr Ýefremow žurnalistlere oppozisiýasyz sessiýa geçirmekde hiç bir tersligiň ýokdugyny aýtdy.

"Eger oppozisiýa biz bilen bile işlemek islemese, köplük olardan aýratynlykda hem ýygnanyp biler. Biz parlamentiň gyzyklanma bildirýän agzalaryny çagyryp bileris, bu ýerde maslahat edilip bilner, prosedura düzgünleri biziň parlament sessiýasyny geçirmek ýa-da kanunlary kabul etmek kararyna gelmegimizi gadagan etmeýär."

UDAR-yň agzalarynyň birnäçesi ol ýerdäki deputlaryň sanyny bilmek üçin köplügiň sessiýasynyň geçýän ýerine bardy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy dolandyryjy partiýanyň deputatlarynyň UDAR-yň agzalaryny maslahat otagynyň gapysyndan goýbermändiklerini wakanyň bolýan ýerinden habar berdi. UDAR-yň agzalary "Regionlar" partiýasynyň özlerini zala goýbermedik agzalary bilen tutluşyga girdiler.

Bikanun sessiýa

UDAR-yň başlygynyň orunbasary Witialiý Kowalçuk žurnalistlere, göni wideo ýazgydan görnüşine görä, ol ýerde 180-den kän deputatyň bolmandygyny gürrüň berdi. Bu ýagdaý aýratynlykda geçirilen sessiýanyň bikanundygyny aňladýar.

Ýatsenýuk bu ýagdaýy “agdarylyşyk” atlandyrdy we ony 1991-nji ýylyň awgustynda Sowet Soýuzynda geçirilen döwlet agdarylyşygy synanyşygyna deňedi.

Ol Ukrainanyň dolandyryjy partiýasynyň agzalary sowet “agdarylyşygynyň” liderleriniň hemmesiniň türmä basylandygyny ýatda saklamaly diýdi.

Oppozisiýa fraksiýalary parlamentiň adaty zalynda öz sessiýalaryny geçirdiler.
XS
SM
MD
LG