Sepleriň elýeterliligi

Orsýet raýatlygyny saklan adamlar Türkmenistanda ýaşap bilermi?


Orsýet Federasiýasynyň pasporty

Orsýet Federasiýasynyň pasporty

Şu gün Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistana iş saparyny geçirýär. Aşgabatdaky ýokary derejeli gepleşikleriň gün tertibinde gumanitar meseleleriň hem durandygy, taraplaryň diplomatik gatnaşyklara hem garaýandyklary barada habar berilýar.

Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda çözülmän galýan problemalaryň biri – goşa raýatlyk problemasydyr. “Haýsy ýurduň raýatlygyny saýlap almaly?” diýen sowalyň şu günki gün Türkmenistanda goşa raýatlyga eýe bolan adamlary gyzyklandyrýan esasy meseledigi aýdylýar. Ýuristleriň sözlerine görä, türkmen raýatlygyny saýlap, orsýet passportyndan el çeken adamlar ýurduň daşyna täze türkmen pasporty bilen wiza esasynda çykyp bilerler. Emma ”Orsýet raýatlygyny özünde galdyryp, Türkmenistanda ýaşamak kararyna gelen adamlaryň ykbaly nähili bolar?” diýen sowal ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosy bu temadan türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Griçuhin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň we Orsýetiň raýatlygyna eýe bolan adamlar bir ýurduň raýatlygyny saýlamaly bolanda, aýdaly, olar orsýetiň raýaty bolup galmak kararyna gelseler, Türkmenistanda galyp bilerlermi? Olar ýurtda nähili esasda ýaşap bilerler?

Ýewgeniý Griçuhin: Men öz pikirimi aýtsam, meniň nukdaýnazaryma görä, men türkmen raýatlygyndan el çekip, orsýetiň raýaty bolup galmak islesem, arza bilen ýüz tutsam, Türkmenistan maňa ýaşamaga kanuny hukuk berýän oturym durumyny bermeli. Bu Türkmenistanyň Migrasiýa baradaky kanunynda göz öňünde tutulýar. Üstesine, şeýle oturym durumynyň Türkmenistanda bar bolan emlägiň esasynda berilmegi-de göz öňünde tutulýar.

Iş ýüzünde bu, ine, şeýle düzgünde amala aşyrylyp bilner, ýagny Türkmenistanda galmak, emma Orsýetiň raýatlygyny saklamak isleýän adamlar Türkmenistanyň Migrasion gullugyna arza ýazmaly, soňra prezidentiň permany esasynda şeýle adamlara oturym durumy berimeli.

Azatlyk Radiosy: Size şeýle mümkinçilikden peýdalanmak üçin Migrasiýa gullugyna eýýäm ýüz tutan adamlar duş geldimi?

Ýewgeniý Griçuhin: Şeýle faktlar entek ýok. Ýöne meniň nukdaýnazaryma görä, şeýle düzgün ulanylyp bilner. Meniň Aşgabatdaky kärdeşlerimiň ençemesi hem şeýle pikir edýär.

Azatlyk Radiosy: Eger-de adamlar hiç bir raýatlygyndan el çekmek islemeseler we hiç hili çäre görmän, bar zady häzirki durşuna galdyrsalar, şonda näme bolar?

Ýewgeniý Griçuhin: Eger-de men hiç bir raýatlykdan el çekmesem, 2013-nji ýylyň 10-njy iyulyndan soň men Türkmenistanyň serhedini diňe bir gezek kesip geçip bilerin, ýagny men ýurdy doly terk edip bilerin. Emma men ýurduň daşyna 10-njy iyula çenli çykan ýagdaýymda, 10-njy iyuldan soňam meniň ýurda barmaga hakym bar, serhetçiler meni ýurda hökman goýbermeli. Sebäbi türkmen raýatlarynyň ýurda girip-çykmasyynyň düzgünlerini kesgitleýji kanun bar.

Häzirki wagtda adamlary Türkmenistanyň raýatlygyndan mahrum etmäge hiç kimiň haky ýok. Bu postsowet giňişliginde ähli döwletlere degişli umumy kanun. Öňki sowet döwleterinden diňe Belarus öz raýatlygyndan mahrum etmek üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutýan ýörite kanuny kabul edipdi. Şeýlelikde, eger men orsýet we türkmen raýatlygyndan özüm el çekmesem, meni bu ýurlaryň raýatlyklaryndan mahrum etmäge hiç kimiň haky ýok.

Azatlyk Radiosy: Onda, diýmek, haýsy-da bolsa bir ýurduň raýatlygyny saýlamak zerurlygy diňe ýurduň daşyna gitmek üçin, ýagny Türkmenistanyň täze daşary ýurt pasportyny almak üçin gerek bolýar, şeýlemi?

Ýewgeniý Griçuhin: Hawa, ýurduň daşyna çykmaýan adamlar iki pasporta eýe bolup ýaşabermeli. Sebäbi Türkmenistanyň köne döwlet pasportlary öz güýjünde galýar. Ýone olar ýurduň daşyna çykmak üçin ýaramýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň sany barada sizde maglumat barmy? Adamlar öz geljegi barada nähili pikir edýärler?

Ýewgeniý Griçuhin: Häzirki wagtda adamlar goşa raýatlyk meselesiniň Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda ýokary derejede oňyn çözüljegine köplenç umyt baglaýarlar. Mundan iki ýyl öň Orsýetiň raýatlygyndan el çekip başlan adamlar bolupdy. Emma soňky ýylyň dowamynda köpçüligiň howlukmazlyk pozisiýasyny eýeläp gelýändigini aýdyp boljak.

Goşa raýatlyga eýe bolanlaryň sany barada aýdylanda, resmi maglumat bolmasa-da, 40 müňden gowrak diýen san köp agzalýar.

Bellemeli ýene bir zat, soňky döwürde goşa raýatlyga eýe bolanlara nabelli adamlar tarapyndan jaň edilip başlandy. Jaň edýänler goşa raýatlaryň haýsy raýatlygyny saýlamakçydygyny soraýarlar we olaryň Türkmenistandaky emlägi baradaky planlary bilen gyzyklanýarlar. Meniň özüme şeýle jaň eden bolmady, ýöne meniň bilen söhbetdeş bolan ençeme adamlar şeýle ýagdaýy öz başyndan geçirendiklerini gürrüň berdiler. Olaryň sözlerine görä, jaň edýänler, özleriniň Migrasiýa gullugynyň işgärleridigini aýdýarlar, emma adyny aýtmakdan boýun gaçyrýarlar.
XS
SM
MD
LG