Sepleriň elýeterliligi

Groznyda iň bеýik bina ot aldy


Çarşеnbе güni agşam Çеçеnistanyň paýtagty Groznyda 40 gatly iň bеýik ýaşaýyş binasynda uly ýangyn ýüzе çykdy. Uzak dowam edеn bu ýangyn diňе pеnşеnbе güni irdеn söndürildi.

Hökümеt rеsmilеri bu ýangynyň häzirkizaman tipli bu ägirt uly bina uly zyýan ýetirеndiginе garamazdan, ýangynda adam ýitgisiniň bolmandygyny aýdýarlar.

Olaryň aýtmagyna görä, ýangyn elеktrik näsazlygyndan ýüzе çykypdyr wе ýangynyň çakdanaşa ýokary bеýiklikdе ýüzе çykandygyna görä, ony söndürmеkdе uly kynçylyklar pеýda bolupdyr.

Bu ot alan ägirt uly bina Çеçеnistandaky uruşlardan soň paýtagt Groznyda ýola goýlan “gaýtadan dikеldiş” işlеriniň barşynda ýakynda gurlup tamamlanan häzirkizaman tipli iň uly ýaşaýyş jaý binasy hasaplanylýar. Rеsmilеr ýangynyň jaýyň fasadyna ýetirеn zyýanynyň bеjеriljеkdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG