Sepleriň elýeterliligi

Phenýan öz işgärlerini işe çykarmady


Anna güni Günorta Koreýanyň habar agentligi Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň bilelikde iş alyp barýan “Kaesong” senagat kompleksine demirgazyk koreýaly işgärlerden hiç biriniň işe çykmandygyny habar berdi.

Bu gürrüňi edilýän senagat kompleksinde soňky wagtlar Demirgazyk Koreýadan 53 müň adamyň işläp gelýändigi aýdylýar.

Günorta Koreýanyň Unifikasiýa ministrligi bu işgärleriň işe çykmazlygyny Demirgazyk Koreýada ilkinji gezek “Arbor güni” diýlip atlandyrylýan baýramçylygyň dynç güni diýlip yglan edilendigi bilen baglanyşdyrýar.

Bu wakanyň öňýany, şu hepdäniň çarşenbe güni Demirgazyk Koreýa öz territoriýasyndaky bu senagat kompleksine Günorta koreýaly işgärleri goýbermegini togtadypdy.

Geçen hepde Demirgazyk Koreýanyň hökümeti özüniň Günorta Koreýa bilen-de “uruş ýagdaýyna” geçendigini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG