Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ýadro işleri maslahat edilýär


Anna güni Gazagystanyň Almaty şäherinde dünýäniň ykdysady taýdan ösen alty döwleti bilen Eýranyň arasynda ýadro meselesi boýunça täze gepleşikler başlady.

Eýranyň ýadro meselesi boýunça ýörite wekili Saed Jalili dünýä döwletleriniň Eýranyň urany baýlaşdyrmaklyga bolan hukugyny ykrar eden halatynda bu gepleşiklerde öňegidişlikleriň bolup biljekdigini aýtdy.

Şu ýylyň fewralynda Almatyda geçirilen birinji tapgyr gepleşiklerde dünýäniň ösen döwletleri Eýranyň ýokary derejede urany baýlaşdyrmakdan el çeken halatynda, oňa garşy ulanylyp gelinýän käbir ykdysady sanksiýalary ýatyrmaklygy teklip edipdiler.

Ýöne, muňa garamazdan, geçenki gepleşikde taraplar oňyn bir ylalaşyga gelip bilmändiler.
XS
SM
MD
LG